RUHY HAZYNA


Berdimuhamedow G. Türkmen alabaýy. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Türkmen halkynyň milli Lideriniň aladalary netijesinde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Eliňizdäki şu kitapda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolup hyzmat eden milli gymmatlygymyz alabaý itlerimiz dogrusynda söhbet açylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseri adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu eseri okap, türkmen alabaýy hakyndaky düýpli pikirleriň paýhas ýaýlasyna seýil edersiňiz.


Stanislawskiý K.S. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Aktýoryň özüni öz hünärine terbiýeleýän işleri. Eserler ýygyndysy. II tom. I bölüm. Öz başyňdan geçiren ýaly döredijilik düzgün-kadasynda özüňi terbiýeleýän işler. Okuwçynyň gündeligi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.


Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyk etmeginde Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen dil biliminde ilkinji gezek düzüldi. Dünýä sözlükçilik tejribesinden ugur alnyp düzülen bu sözlük häzirki zaman kiberhowpsuzlyk adalgalaryna degişli söz baýlyklarynyň aglaba bölegini öz içine alýar. Sözlükde, takmynan, 1100 töweregi baş söze, söz düzümlerine sözlük makalalary ýazylyp, olaryň häzirki zaman türkmen dilinde ýazylyşy görkezilip, aňladýan manylaryna giňden düşündiriş berildi. Sözlük maglumat howpsuzlygy we maglumat goragy ulgamynda işleýän hünärmenlere, mugallymlara, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde maglumat howpsuzlygy we kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplara niýetlenilýär.


Ходжамедова Т. Е. и др. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Русский язык. Учебник для 1 класса общеобразовательных средних школ.


Пирлиева О. и др. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Русский язык. Учебник для 7 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ.


Овездурдыев Х. и др. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Геометрия. Учебник для 7 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ.


Halallyk kyssalary. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Taryhda dünýä halklaryny we yklymlary biri-birine jebis baglanyşdyryp gelen Beýik Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda has kämil we döwrebap görnüşde täzeden dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilýär. Gadymy döwürlerde ylmy we edebi eserleri bilen dünýä taryhynda uly abraýa eýe bolmagy başaran arap edebiýaty häzirki döwürde hem ajaýyp eserleri, peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Nesil terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly dürli pikirleri öňe sürýän bu eserler terbiýeçilik nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow


Atabaýew G., Öwezowa N. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Matematika. ( I kitap ). Umumy orta bilim berýän mekdepleriň I synpy üçin okuw kitaby.


Nepesowa M. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Hojalyk-durmuş zähmeti. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VII synpy üçin okuw kitaby.


Akyýewa M. We başg. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Ýaşaýyş-durmuş esaslary. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VII synpy üçin okuw kitaby.


Berdimuhamdow Gurbanguly. Atda wepa-da bar, sapa-da. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2019.

Türkmen bedewi adamzat medeniyetiniň ayrylmaz bölegi, gadym- dan bari edebi yazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galyar. Berkarar döwletimiziň bagtyyarlyk döwründe ahal teke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy. Gahryman Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly taze kitaby halkymyzyň watançylygynyň, ynsanpenwerlik yörelgeleriniň kemala gelmeğinde bedewleriň ornuny açyp görkezyâr. Kitapda adamyň tebigat bilen bitewüligi, sagdynlyk, ruhybelentlik we döredijilikli yaşamak bilen bagly esaslary açylyar. Bu bolsa halkymyzyň taryhyna we medeniyetine çuňňur düşinmage mümkinçilik beryâr. Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby giň okyjylar köpçiligine niyetlenilip, adamzat medeniyetiniň ösüşini öwrenmekde gollanma bolar.


Ylyasowa G. Y 43 Beyik Yüpek yoly: medeni gatnaşyklar we türkmen halkynyň ruhy dünyâsi. -A.:Ylym, 2019. -184 sah.

2017-nji yylda hoımatly Prezidentimiziň «Türkmenistan - Beyik Yüpek yolunyň yüreği» atly gymmatly kitabynyň birinji tomy çap edilenden soň, 2018-nji yyl şu at bilen atlandyryldy. «Türkmenistan - Beyik Yüpek yolunyň yüreği» atlandyrylan yylda neşire tayyarlanylan bu kitapda Gündogar we Gün- batar arasyndaky ilkinji gatnaşyklaryň döremeginde uly ahmiyeti bolan Beyik Yüpek yolunyň işlâp başlamagy netijesinde, halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugyň has berkâp, medeni gatnaşyklaryň hem gitdigiçe rowaçlanyp başlandygy hakda sohbet açylyar. Şeyle hem, medeni gatnaşyklaryň tâsiri bilen bu yoluň uğrunda yzygiderli dörâp duran gymmatly ruhy mirasyň bir bölegi bolan folklor eserleriniň ençeme žanrlaryndaky nusgalary hakda yeterlik maglumatlar berilyar.


Rowaçlyk nagmalary. Goşgular yygyndysy. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2019.

«Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» yylynda amala aşyrylyan özgertmeler yüreklere joşgun beryar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutan- lygynda yurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylyan üstünlikler, şol sanda oba hojalygyndaky ösüşler ildeşlermizi buysandyryar. Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp yaşlary hem rowaçlygyň yalkymyndan ylham alyp, bagtyyarlyk döwrümizin beyik ösüşlerinden ruhlanyp, yürek joşgunlaryny döredijilikli beyan edyârler. Bu kitap institutyň mugallymlarynyň we talyp yaşlarynyň 2014-nji yylda çap edilen «Uzboy nagmalary» kitabynyň özboluşly dowamydyr.


Babayew G. we başg. Auditin halkara standartlary. Yokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2019.

Bu okuw kitabynda auditiň halkara standartlarynyň nazaryyet we usulyyet esaslary, olaryň topara bölünişi, mazmuny, auditorçylyk barlaglarynyň dürli tapgyrlarynda we auditorçylyk işiniň ugry boyunça hyzmatlaryň yerine yetirilmeginiň barşynda ulanylyşynyň ayratynlyklary, auditorlaryň edebi, şeyle hem Türkmenistanda auditorçylyk işiniň guralyşy ginişleyin beyan edilyâr. Şu okuw kitaby yokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niyetlenip, ondan auditorçylyk işini amala aşyryan hünârmenler hem peydalanyp bilerler.


Babayew G. we başg. Bank töwekgelçiligi we onun âtiyaçlandyrylyşy. Yokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2019.

«Bank töwekgelçiligi we onuň âtiyaçlandyrylyşy» okuw kitaby bilim tayyarlygynyň ykdysady uğruna degişli bolup, ol 9 bapdan ybarat. Bu okuw kitabynda bank töwekgelçiliginiň nazaryyet esaslary, onuň gömüşleri, bank töwek- gelçiligi ulgamyny dolandyrmak, karz we göterim töwekgelçiligine baha bermek we ony dolandyrmagyň usullary, amallar töwekgelçiligine hâsiyetnama, likwidlilik töwekgelçiligi, şeyle hem bank töwekgelçiliginiň âtiyaçlandyrylyşy giňişleyin beyan edilyâr.


Rejebow К. Bagtyn suraty. Goşgular we poema. -A.:Türkmen dowlet neşiryat gullugy, 2019.

Şahyr Kakamyrat Rejebowyň kitaba girizilen goşgularynyň içinden watançylyk temasy eriş-argaç bolup geçyâr. Ol durmuş hakda, döwür barada, tebigatyň sazlaşykly owazydyr yşk-söygi dogrusynda sohbet açmak bilen, dine öz garayyşlaryndan uğur alyar. Şonun üçin hem onuň goşgulary söyülip okalyar.


Aşyrmâmmedow N. Dag rowayaty. Legend of mountains. Легенда гор.Hekayalar, stories, рассказы. -A.: Türkmen dowlet neşiryat gullugy, 2019.

Awtoryn türkmen, iňlis we rus dillerinde tayyarlanylan hekayalar yygyndysynda yurdumyzyň tâsin tebigatynyň, pak we wepaly söygüniň waspy, milli taryhymyzda orun alan ata-babalarymyzyň asylly yörelgeleridir dap-dessurlary, asyrlardan-asyrlara aşyp gelyân çeper sungaty, mukaddeslik, hallalyk bilen baglanyşykly örän çeper beyan edilen gyzykly wakalar hekayalarda hereket edyan gahrymanlaryň çeper keşbiniň üsti bilen okyjylara yetirilyâr.


Hekayatlar yygyndysy. - A.: Ylym, 2018.- 184 sah.

«Hekayatlar yygyndysy» («Jamyg el hekayat») atly bu eset türkmen halkynyň edebi gymmatlyklarynyň biri bolup, onda durmuşyň âhli ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gozgalyar. Şol meseleler akyl-payhas, sabyr- kanagat, batyrlyk we edermenlik bilen çözülyâr. Akyl payhas yok yerinde ökünç, ahmyr çekiljekdigi düşündirilyâr. Kynçylykly yagdayda ugurtapyjy, giň göwrümli bolmaklyk ündelyâr. Olar gyzykly hekayatlaryň üsti bilen beyan edilyâr.


Reşideddin Watwat Danalaryň dayanjy. -A.: Ylym, 2018. 284 sah.

Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň Beyik Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlary Atsyza, II Arslana we Soltanşa Mahmyda wepaly hyzmat eden meşhur kâtip, beyik söz ussady, zehinli şahyr Reşideddin Watwat türkmen halkynyň medeni mirasyna uly goşant goşan şahslaryň biridir. Onuň golýazma eserleri dünyâniň meşhur kitaphanalarynda saklanyp, görnükli orun eyeleyâr. Reşideddin Watwatyn bu eseri iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarynyň resminamalaryndan we şahyryň şahsy hatlaryndan, ikinji bölümi bolsa öwüt-ündewlerden ybaratdyr. Eser ilkinji gezek arap dilinden terjime edilip neşir edilyâr we giň okyjylar köpçüligine niyetlenilyâr.


Muhammet Gazaly Kalbyn tâsinlikleri. -A.:Ylym, 2018. -200 sah.

Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň Beyik Seljuk türkmen soltanlary Malik şanyň, Soltan Sanjaryň köşgünde ençe yyllap işlân we döwlete, halka päk yürekden hyzmat eden beyik alym we akyldar Muhammet Gazaly Gündogar alymlarynyň arasynda iň köp eser yazan meşhur alymlaryň biridir. Onuň «Kalbyň tâsinlikleri» atly bu kitaby «Ihya Ulumiddin» atly iň meşhur eseriniň üçünji bölüminin birinji kitabydyr. Türkmen diline ilkinji gezek terjime edilen bu kitapda kalp we onun tâsinlikleri, dünyâ we gayyp âlemine akyl yetirmek, ynsanyň özüni tanamasy, pes-pâllik, ylym öwrenmegiň âhmiyeti we yollary beyan edilyâr.


Feridetdin Attar. F32 Weliler hakda rowaýatlar. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň dykgatyňyza hödürlenýän «Weliler hakda rowaýatlar» («Tezkiretül-ewliýä») kitaby onuň iň meşhur eserleriniň biridir. Kitapda gürrüňi edilýän şahslaryň ählisi diýen ýaly ýurdumyz, medeniýetimiz, ruhy dünýämiz bilen göniden-göni bagly bolup, olar halkymyzyň arasynda şu günler hem giňden tanalýar. Olardan Abu Fazyl Hasan Sarahsy (Sarahs baba), Abu Sagyt Abul Haýyr (Mäne baba), Abu Hasan Harkany, Abu Aly De Khak ýaly weliler gönüden-göni ýurdumyzda ýaşap geçipdirler. Iň bir guwandyryjy ýeri-de, rowaýatlardaky wakalaryň köpüsiniň Watanymyzyň çäginde bolup geçmegidir. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär. Sözbaşysyny ýazan we çapa taýýarlan Orazgylyç Çaryýew.


Küllekow Ş. we başg. K 90 Türkmen edebiýaty. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Türkmen edebiýaty. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan VII synpy üçin okuw kitaby.


Baýjanow B. B18 Türkmen dili. -A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Türkmen dili. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan VII synpy üçin okuw kitaby.


Rejebow N. R40 Kalbymyň Senasy.: Saýlanan goşgular.- A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Görnükli türkmen şahyry, dramaturgy, kinodramaturgy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow 1946-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Serhetabat etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginde dünýä indi. Oba mekdebini, soňra Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt diller fakultetini tamamlady. Ol «Türkmenistan» neşirýatynda, «Sowet edebiýaty»- häzirki «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli wezipelerde işledi. Nobatgulynyň on bäş sany goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. «Durnalaryň düşelgesi» atly goşgular kitaby bolsa Moskwada neşir edildi. Onuň «Gedaý bagşy», «Hak aşyklar”», «Jahan jomardy», «Gyrat», «Görogly we Agaýunus», «Döwletli döwran geldi», «Halal hazyna», «Sahawat derýasy», «Dessembil» ýaly onlarça drama eseri paýtagtymyzyň teatrlarynda goýuldy hem şaserpaýyna eýe boldy. Nobatgulynyň ssenarisi boýunça «Ajaýyp», «Arşyň pynhan hikmeti», «Awazanyň aýdymy», «Gyzykly gezelenç», «Ýalkamyş bagşy» ýaly birnäçe çeper film surata düşürildi. «Ependi, sen kim?» atly komediýasy Türkiýede türki dilli dramaturglaryň arasynda geçirilen bäsleşikde abraýly baýraga mynasyp boldy. Eliňizdäki «Kalbymyň senasy» atly kitaba Nobatguly Rejebowyň iň gowy goşgulary girizildi.


Çüriýew A. Ç 85 Galkynan göwün. -A.: Goşgular. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

Şahyr Allaýar Çüriýewiň bu goşgular ýygyndysyna onuň dürli ýyllarda ýazan şygyrlary girizildi. Tanymal şahyryň ezber galamynyň astyndan çykan bu şygyrlarda Berkarar Watanymyzyň belent üstünlikleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligi, ynsan kalbynyň ýokary ahlak mertebesi, halallyk, lebizlilik, şeýle hem päk söýgi çeper dilde beýan edilýär.


Nurmuhammet Andalyp A 60 Dessanlar. -A.: Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2011. Türkmenistanyň Ylymlar akademiyasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan ýygnaldy

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üznüksiz tagallalary netijesinde türkmen halkynyn beyik şahsyyetlerinin, şahyrlarynyň we alymlarynyş eserleri yzygiderli halka ýetirilyar we olaryn ýubileyleri halkara derejesinde bellenilyär. 2011-nji ýylda hem ajayyp türkmen dessançy şahyry Nurmuhammet Andalybyn 350 yyllyk toýy halkara derejesinde bellenilyâr. Şahyryn «Leyli-Mejnun», «Ýusup-Züleyha», «Zeýnelarap», «Baba Röwşen» dessanlary hem şu toýa niyetlenilip taýýarlanyldy. Bu dessanlarda ahlak pâkligi, ene-ata bolan hormat-sylag, birek-birege söygi, ygrarlylyk ýaly ruhy gymmatlyklar ündelyâr. Kitap gin okyjylar köpçüligine niyetlenildi.


Bekjäyew T. B 44 Köne türkmen ýazuwy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy. 2013.

Okuw kitaby halkymyzyň milli medeni mirasyny seljermekde möhüm ähmiyete eýe bolan köne türkmen ýazuwyny öwrenmekde zerur bolan esasy maglumatlary özünde jemleyâr. Bu işde dine bir köne türkmen yazuwynyn harplaryny öwretmek göz önünde tutulman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny ata-babalarymyzyň dil biliminde, edebiyatda, şeýle-de durmuşyn beýleki ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak hem maksat edinilyär. Okuw kitabynda gadymy akyldarlarymyzyn ylmy işlerine, nusgawy edebiyatymyzyň wekilleriniň döredij iliğine, halkymyzyn dâp-dessurlary bilen bagly maglu- matlara aýratyn üns berildi. Kitap yokary okuw mekdeplerinin dil we edebiýat fakultetlerinin talyplaryna, aspirantlara, dil we edebiýat mugallymlaryna, taryhçylara şeyle-de, köne ýazuw ýadygärlikleri bilen gyzyklanýanlara niýetlenilyâr.


Ismankulow T. 173 Gadymy Köýtendagyň gymmatlyklary. -A.: Ylym, 2016. -112 sah.

Bu kitapda Köýtendagyň tebigaty, taryhy we şu güni bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar berilyâr. Awtor kitaby çap etmekdäki hemaýaty hem-de maglumatlary toplamakda beren kömegi üçin Köýtendag etrap häkimligine we Türkmenistanyň Demokratik partiyasynyň etrap komitetine köýtendagly ýaşulular Mürzeýar Şaymyradowa, Aral Hoşmyradowa, Reşit hajy Işbaýewe we Atamyrat şäherindäki Döwlet Taryhy-medeni goraghanasynyn işgärlerine öz minnetdarlygyny bildiryâr.


Taylakow B. N. we başgalar T30 Dänäni kabul etmeğiň we saklamagyň tehnologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

Okuw kitabynda däneli ekinleriň halk hojalygyndaky ähmiyeti, ulgamy, daşky synalarynyň gurluş aýratynlyklary, dänäni guratmagyň tehnologiýasy, dänäni guradyjy enjamlaryň niyetlenişi, gurluşy, onun tehniki-ykdysady häsiyetnamasy, ulanmaklygyň usullary, dänäde hil, mukdar barlaglaryny geçirmegiň fıziki-himiki usullary barada ylmy we önümçilik taydan ähmiyetli maglumatlar beyan edilyâr. Okuw kitaby S. A. Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dänäni gaýtadan işlemek hünariniň talyplary üçin niyetlenilyär. Kitapdan giň okyjylar köpçüligi hem peydalanyp biler.


Kokanow A. A., Hanow M. K. K61 Derman ösümlikleriniň barlaglary. Ylmy monografiya. -A.: Ylym, 2016. -164 sah.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýerli dermanlyk ösümliklerini lukmançylyk maksatlary üçin öwrenmeklik döwrüň talaplaryna layyk gelýär. Ylmy monografiýada ynsan saglygy we onuň tebigat bilen arabaglanyşygy, derman senagatynyň ösüşleri we gelejegi, derman ösümlikleriniň ekologiya barlaglary, ýerli ýapon soforasynyň element we himiki düzümleri, mikroskopiýasy, olardan derman serişdelerini taýýarlamagyň tehnologiyasy hem-de olaryň keselleri bejerijilik hasiýetleri barasyndaky ylmy maglumatlar açylyp görkezilýär. Kitap derman ösümlikleri bilen gyzyklanyan hünärmenlere, ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara we talyplara niýetlenendir.


Hatamow J., Baymuradowa A. H 28 Türkmenlerin kilim dokmaçylygy. -A.: Ylym, 2016. -160 sah.

Bu kitapda halkymyzyň gadymy kilim dokmaçylygynyň inçe syrlary, dokalyş aýratynlyklary, palas önümleriniň köpdürlüligi, gölleriniň many-mazmuny beýan edilmäge çalşyldy. Işde edebiýatlar bilen birlikde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplanan meýdan-etnografik maglumatlar ylmy dolanşyga girizildi. Bu işde ilkinji gezek milli kilim dokmaçylygynyň ahli ugurlaryny beýan etmäge synanyşyldy.


Kerimowa В. K41 Dine jan diýjek. Goşgular. -A.: Ylym, 2014. -252 sah.

Zenan şahyranalygyna mahsus näziklik, mähir-mylakat, ýuka yüreklilik, Watana, ene topraga, il-güne päk söýgi Bahargül Kerimowanyö goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dürli temalarda ýazylan goşgular zenan yüreginiň özboluşly owazyny emele getirýär. Onun ene mähri, yşk-söýgi, watançylyk, borç temalaryndan döreden goşgulary has-da yürege ýakyn ýaňlanýar. Olarda örän inçelik bilen täsirli beýan edilýän şirin duygularda zenan kalbynyň, ene yüreğiniň gürstildisi duýlup dur. Şeýle hem Bahargül Kerimowanyň «Diňe jan diýjek» atly goşgular kitabynda Watanymyzyň ösüşleri özboluşly wagyz edilýär, milli Liderimiziň tutumly, halk bähbitli hyzmatlary taryplanýar.


Gowşudow А. G 57 Dordepel. Powest we hekaýa. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.

Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran, ussat ýazyjy Ata Gowşudowyn bu kitaba girizilen eserleriniň tematikasy biri-birine ýakyn bolup, türkmen durmuşynyň aýratynlyklary, däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri, şeýle-de geçmiş taryhy şada dilde beýan edilýär. Ýazyjynyň «Dordepel» powestinde XIX asyr türkmen durmuşy, daşky duşmanlaryň türkmen topragyna häli-şindi guraýan talançylykly ýörişleri, Watan goragyna çykan batyr yigitleriň edermenligi, ugurtapyjylygy, esasan-da, halkymyzyň göz-guwanjy dal boýun atlary barada gyzykly gürrüňler berilýär. «Gajar aga» hekaýasynda gürrüňçi ýaşulynyň öz başdan geçiren wakalary bilen bagly berýän gürrüňleri ýaş nesli terbiýelemekde özboluşly durmuş mekdebidir.


S 48 Sarianidi W. I. Goňurdepe. Şalaryň we hudaýlaryň şäheri. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2008. -328 sah.

Meşhur rus arheology, taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Gresiyanyň antropologiya jemgyýetiniň hormatly agzasy Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň bu kitaby 2002-nji ýylda Aşgabatda çap edilen «Türkmenistan, Marguş: Murgap deryasynyň köne hanasynyň aýagyndaky gadymy gündogar şalygy» atly kitabyňn dowamydyr. Okyjy onun ýolbaşçylyk edyän margiana arheologiya ekspedisiýasynyň soňky üç ýylda eden täze ajaýyp açyşlary bilen tanşar. Alymlara dine bir Goňurdepe şäherindäki ägirt uly köşkybadathana toplumynyň gazuw-agtaryş işlerini tamamlamak däl, eýsem, olara toplumyň golaýynda patyşa gonamçylygyny hem açmak başartdy. Onda altyndan, kümüşden, bürtinçden, daşdan, piliň sünkünden ýasalan zatlar tapyldy. Olaryň köpüsi gadymy gündogar sungatynyň ajaýyp nusgalarydyr. Arheologiya degişli materiallaryň köpüsi şu kitapda ilkinji gezek çap edilýär. Bu bilen bagly berýän gürrüňleri ýaş nesli terbiýelemekde özboluşly durmuş mekdebidir.


Çüriýew M. Ç 85 Kompýuter grafikasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.

Bu okuw kitaby kompýuter grafikasynyň işleýiş düzgünlerini emretmeklige gönükdirilen. Kompýuter grafikasynda esasy orny onun haýsy kompýuter programmasy arkaly ýerine ýetirilýändigi tutýar. Bu okuw kitabynda kompýuter grafikasy ugrunda in meşhur programmalar bolan - Adobe Photoshop, CorelDraw, AutoCad ulgamynda işlemegiň düzgünleri we grafiki şekilleri taýýarlamagyň usullary beýan edilýär. Kitap öz düzüminde diňe maglumat beriji bölümleri saklaman, eýsem tejribe taydan peýdaly görkezmeleri we maslahatlary hem saklaýan Okuw kitaby kompýuter tehnologiýalary ugrundan okaýanlar üçin niýetlenen hem bolsa, ondan giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.