KITAP SAKLANÝAN BÖLÜMI


KITAP SAKLANÝAN BÖLÜMI

Kitap saklaýan bolümi Döwlet kitaphananyň özbaşdak düzümleýin bölümidir. Bölüm kitaphanadaky hazynalaryň abat saklamagyny üpjün etmek boýunça işlerini ýola goýýar we amala aşyrýar, çüňki hazynalarda saklanýan neşirleriň bütewiligini we kadaly fiziki ýagdaýyny saklamagyny üpjün edýär. Okyjylaryň hem abonentleriň talaplaryny çalt we doly kanagatlandyrýar. Bölüm kitaphananyň üç ýaruslarynda ýerleşýär. Ýaruslaryň hemmesi bir-biri bilen dikligine gidýän kitap we ýolagçy liftler bilen baglanyşykly. Kitaphananyň jaýlarynda neşirleriň abatlygyny saklamak üçin hemme şertler döredildi we gyzgynlyk-çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň režimleri berjaý edilýär. Esasy hazyna 5 million 300 müňe golaý neşirlerden ybarat. Kitaphanaň döredilen 1895-nji ýylda hazynada 3000 neşir bardy. Kitap saklanýan bölüm özbaşdak bölüm hökmünde bellenilen 1940-njy ýyldan bäri hereket edýär. Häzirki wagtda kitaphananyň esasy hazynasy neşirleriň görnüş we tip düzümi boýunça köpugurly hazynadyr. Onuň düzüminde esasy hazynadan başga ýöriteleşdiren hazynalar hem bar:

  • Ülkäni öwreniş we ýerli neşirleriň hazynasy;
  • Metbugat neşirleriň hazynasy;
  • Dowam edýän neşirleriň hazynasy;
  • Awtoreferatlar hazynasy;
  • GDA halklaryň dillindäki neşirleriň hazynasy.
Bölümiň işgärleri esasy hazynada ýerleşýän neşirleriniň bibliografik maglumatlaryny elektron kataloga ýükleýärler. Esasy hazynadan okyjylara bir ýylda 750000-e golaý neşirler berilýär. Kitaphana hazynasy bütin jemgyýetiň we onuň aýratyn agzalary üçin maglumat islegleriniň kanagatlandyryşyň baş çeşmesi bolup dur.