BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • “Garaşsyzlyk alyp bagta ýetenim, Arkadagly, bedew batly Watanym!”

    Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlanan dürli dabaralar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara halypa ýazyjy- şahyrlar, kitaphana işgärleri we okyjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, ösüş-özgerişler barada giňişleýin söhbet etdiler ýazyjy-şahyrlar özleriniň ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Garaşsyz watanym Türkmenistanym” ady bilen giňişleýin sergi gurnaldy. Dabaranyň soňunda mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür ,il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ,Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow ad. Döwlet çagalar kitaphanasy,Aşgabat şäher merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi “ atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

    Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze neşir edilen gymmatly kitabynyň many- mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.Şeýle hem çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň hemmämiziň ýan kitabymyza öwrüljekdigi , türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän baý däp-dessurlarynyň, ýol –ýörelgeleriniň Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda öz beýanyny tapandygy, bu gymmatly neşiriň 12 bölümden ybarat bolup, olaryň her biriniň dürli pähim-paýhaslar siňen rowaýatlar bilen baýlaşdyrylanlygy,bu tymsallaryň türkmen durmuşynyň döwletlilik ýörelgeleriniň her bir ugruny häsiýetlendirýänligi hakynda hem söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby, biziň ýaş nesillerimiz üçin, talyplarymyz üçin hem örän gymmatly çeşmedir. Olaryň öz şöhratly taryhymyzy, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy has çuňňur öwrenmeginde bu gymmatly kitabyň uly mekdep boljakdygyny hem çykyş edenler nygtadylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç, şeýle hem täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler!

  • “Türkmenistan - asudalyk dessany”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygmyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli edebi duşuşyk agşamy geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, halkara giňişligindäki abraýy has-da pugtalanýar. ”Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilýän çäreler ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär. Döwlet kitaphanasynda geçirilen dabara ýazyjy-şahyrlar, halypa kitaphanaçy işgärleri gatnaşyp ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitler barada täsirli söhbetleri etdiler we şahyrlar ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Dabaranyň soňunda mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür ,il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

  • “Sagdyn maşgala- jemgyýetiň berk binýady”

    TDMM Döwlet kitaphanasy we Kärdeşler Arkalaşygynyň guramasy bilen bilelikde “Sagdyn maşgala-jemgyýetiň berk binýady” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Asyrlaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip gelen halkymyz saglygyň gadyr-gymmatyna göz ýetirip: “Il saglygy-ýurt baýlygy”, “Saglyk-baýlyk”, “Sagdyn bedende-sagdyn ruh”diýen ýaly dana pähimleriň üsti bilen ynsan saglygyny jemgyýetiň we ösüşleriň deňsiz-taýsyz baýlygyna, ýaşaýşyň we ruhubelentligiň gözbaşyna deňäpdirler.Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmäge, hil taýdan täze derejelere çykarmaga, ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa gecirilýär diýip, çärä gatnaşanlar täsirli söhbet etdiler.Giňden gurnalan wagyz nesihat çäresiniň dowamynda gelin-gyzlaryň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny berjaý etmek barada, maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi dogrusynda, dürli keselleriň öňüni almak dogrusynda hem birnäçe täsirli söhbetler edildi.

  • “Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ilkinji Zenanlar guramasy bilen birlikde “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli “Bu gün dünýä çykýar Arkadag bilen türkmen medeniýeti, türkmen sungaty!” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlar tanymal medeniýet we sungat işgärleri, ussat teatr artistleri, “Nesil” gazetinden, “Zenan kalby” žurnalyndan gelen şahyr zenanlar çäräniň dowamynda türkmen medeniýetiniň taryhy, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşi barada gyzykly gürrüňler etdiler. Soňra şahyr zenanlar Watanymyzyň, gözel ýurdumyzyň waspyny edip öz döreden goşgularyny hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap berdiler. Dabaranyň çäklerinde “Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!” ady bilen kitap sergisi hem guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.

  • TSG we DS ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde “Saglyk bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.

    Giňden gurnalan söhbetleriň dowamynda gelin-gyzlaryň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny berjaý etmek barada, maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi dogrusynda, dürli keselleriň öňüni almak dogrusynda ,ýer asty we ýer üsti geçelgelerinde ýol düzgünlerini berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň boldy. Hünärmenler diňleýjileriň soraglaryna durmuş deňeşdirmeleri bilen jogap berdiler. Wagyz-nesihat ýygnagynyň çäklerinde “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň diýary” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Ýygnagyň soňunda wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar durmuşymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde döwlet derejesinde alyp barýan beýik işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

  • “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”

    “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan “Halkymyz bagta ýetdi Siziň bilen Arkadag” döredijilik duşuşygy örän täsirli geçdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde biziň Watanymyz gülleýär, gül açýar. Ýetilen sepgitler barada, şeýle-de medeniýet pudagyndaky alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Döredijilik duşuşygymyza çykyş etmäge gelen myhmanlar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt üçin edýän atalyk aladalaryna köp sag bolsun aýtdylar.

  • “Dünýä gözelligine soltan halylar”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Dünýä gözelligine soltan halylar” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň ezber elli, çeper halyçylary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri, “Zenan kalby” žurnalynyň edebi işgäri, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan syýasaty netijesinde türkmeniň gadymy senetleriniň biri bolan halyçylyk sungatynda-da alnyp barylýan uly işler barada, halyçylaryň häzirki wagtda dokaýan halylary barada gürrüň edildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri öz gysgajyk sahnalary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň çäklerinde “Nepislik sungaty-türkmen halysy”, “Türkmen halysy kämilligiň nusgasy” atly giňişleýin kitap sergiler hem gurnaldy. Bu kitap sergide hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, türkmen halyçylyk sungatyna degişli neşirler ýerleşdirildi.

  • “Konstitusiýamyzda Ýaşyl Tuguň öwüşgini”

    “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda 2020-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy hem-de Döwlet baýdagymyzyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän esasy kanuna öwrüldi. Döwlet baýdagyna bolan hormat-sarpa milletimiziň ganyna, aňyna siňip, milli häsiýet aýratynlyklarymyzyň birine öwrülendigini subut edýär. Mukaddes Tuguň astynda jebisleşen halkymyz bu gün milletimiziň at-abraýynyň, mertebesiniň belende göterilýän berkarar döwletinde özüniň bagtyýarlyk döwrüne ynamly gadam basdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy hem-de Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Konstitusiýamyzda Ýaşyl Tuguň öwüşgini” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Ýaşyl tugum dünýä düşýär ýalkymyň” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

  • “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy,Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!”

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň beýanydyr. Watan ogullarynyň gahrymançylygy, olaryň öz eziz Watanyny janyndan eý görüp gorandyklary hakyndaky ýatlamalar, ýagny Watana, il güne bagyşlanan Ykballar halka gulluk etmegiň ajaýyp mekdebi bolup nesilleriň hakydasynda ýaşaýarlar, ýaşarlar. Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Ýeňşiň hatyrasyna çeken edermenlikli zähmetiniň öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Beýik Ýeňşiň şanyna” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

  • “Türkmenistan – bitaraplygyň mekany”

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – bitaraplygyň mekany” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiziň şanyna uly toý tutulýar. Gamyşgulak, seýkin basyşly bedewlerimiziň gözelligine, olaryň görkezýän oýunlaryna dünýäň ýüzi haýran galýar. Biz hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bu baýramçylyga goşant goşmak maksady bilen “Alkyş aýdyp Arkadagyň adyna, toý tutulýar bedewleriň şanyna” baýramçylyk dabarasyny geçirdik. Bu dabaramyza ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň biri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, döredijilik işgärleri şeýle-de kitaphana işgärleri hem-de okyjylar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda giňişleýin kitap sergisi hem gurnalyp, bu kitap sergisinde esasan hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewler barada ýazylan kitaplary, atçylyk baradaky okuw gollanmalary şeýle-de döwürleýin neşirlerde gamyşgulak bedewler barada ýazylan makalalar hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi dabara gatnaşyjylarda ahalteke bedewleri barada gerekli maglumatlaryny öwrenmekde örän täsirli boldy. Behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň edýän bimöçber işleri üçin köp alkyşlar aýdylyp, janynyň sag, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler !

  • “Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen teatr sungatyna bagyşlanyp, “Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň teatrlarynda zähmet çekýän halypa we ýaş artistler gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan uly işler barada hem-de türkmen teatr sungatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de dabarada artistler sahnada ýerine ýetirýän keşplerinden gysgajyk bölekleri bilen çykyş etdiler. Bu dabaranyň çäklerinde “Teatr-durmuşyň aýnasydyr” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, teatr sungatyna degişli, şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi.

  • “Maşgala edep-terbiýe mekdebidir”

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa bimöçberdir. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Wagyz nesihat çäresine gatnaşyp, çykyş eden myhmanlar däp-dessurlarymyz, adatlarymyz, durmuşyň ähli ugurlaryndaky ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize gelip ýeten häsiýetler barada täsirli söhbetleri etdiler. Ak saçly enelerimiz gyz –gelinleriň edep terbiýesi ,görüm-göreldesi barada hem durup geçdiler. Çäräniň soňunda bize döredip beren mümkinçilikleri üçin sag bolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

  • “Görkana nuruny äleme çaýyp, Berkarar döwlete Nowruz gelipdir”

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz ülkämizde Milli bahar baýramy döwlet derejesinde bellenilip geçirilýär. Bu baýram doganlygyň-dostlugyň baýramy, täzelenişiň baýramy.Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä semeni bişirilip, goňşy-golamlara paýlanylýar, bir birege hoş sözler aýdylýar, ýagşy niýetler, arzuw-dilegler edilýär.Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bahar baýramy mynasybetli dürli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Biziň Döwlet medeniýet merkezimiziň Döwlet kitaphanasynda hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Biziň bu dabarymyza dürli ýerlerden myhmanlar, döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar geldiler. Olar özleriniň ýürek buýsançlaryny ajaýyp goşgylardyr- gutlaglary bilen beýan edip, biziň baýramçylyk dabaramyzy uly şowhuna beslediler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “ Nowruz-baharyň soltany” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan dörän, ajaýyp eserleri, ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirýän, ösüşlerimizi dünýä ýaýýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary, Nowruz baýramy barada ýazylan edebiýatlar şeýle-de nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirdi.Okyjylar bu sergä uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabara gatnaşanlar bize beren ajaýyp bagty üçin, bagtyýar döwri üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Bagtyýarlyk-döwrüň şirin owazy, Zenanlar- durmuşyň bahary-ýazy! ” ady bilen halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy.

    Baýramçylyk dabarasynyň başynda zenanlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baharyň ilkinji günlerinde käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň halkara 8-mart baýramçylygy giňden bellenilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy we enelerimize, gelin-gyzlarymyza pul sowgadynyň berilmegi, bu mukaddesligiň belent sarpasydyr. Dabarada çykyş eden döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar , kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň enelerimize, gelin-gyzlarymyza bolan beýik söýgüsi we olar üçin döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda täsirli söhbet etdiler we özleriniň zenanlara bagşlap ýazan ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Dabara gatnaşyjylar ähli enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.