DÖWLET WE JEMAGAT KITAPHANALARYNYŇ IŞINI UTGAŞDYRYJY BÖLÜMI


DÖWLET WE JEMAGAT KITAPHANALARYNYŇ IŞINI UTGAŞDYRYJY BÖLÜMI

Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyryjy bölüm Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzüm bölegidir. Bölüm Türkmenistanyň kitaphanalarynyň medeni aň-bilim beriş edaralary hökmünde hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek maksady bilen guramaçylyk usuly merkez bolup durýar.
Bölümiň işiniň esasy ugurlary :

  • Türkmenistanyň welaýat, etrap we şäher kitaphanalaryna guramaçylyk-usuly kömeklerini bermek
  • Kitaphana işiniň wajyp meseleleri boýunça tiz we wagtynda maslahatlary ýola goýmak
  • Bütewi elektron maksatnamasynyň usuly merkezi hökmünde ýüze çykýan soraglaryna jogap bermek we maksatnamany öwretmek
  • Kitaphanalaryň resminamalaryny barlamak, seljermek
  • “Türkmenistanyň jemagat kitaphanalary” kartotekasyny alyp barmak
  • Kitaphana-kitapnama işlerinde we täzeçilikleri girizmekde usuly kömek bermek
  • Iş saparlary bilen gitmek we netijede kitaphanalaryň işlerine yzygiderli gözegçilik etmek
  • Kitaphana işiniň täze usullaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini çykarmak, öwrenip jemlemek we kitaphana tejribesine ornaşdyrmak
  • Döwlet kitaphanasynyň beýleki bölümleri bilen bilelikde welaýat we jemagat kitaphanalaryna, beýleki ulgamlaryň we edara kärhanalaryň kitaphanalaryna alyp barýan işleriniň ähli ugurlary boýunça usuly kömek berýär
  • Kitaphana işgärleriniň işiniň tehnologiki yzygiderligini we zähmet işini kadalaşdyrýan taýýarlanan resminamary düzgünnamalar, wezipe hasiýetleri ornaşdyrýar.