YLMY-USULY BÖLÜMI


Ylmy-usuly bölümi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Türkmenistanyň ähli kitaphanalary üçin ylmy-usuly merkez bolup hyzmat edýär. Ylmy-usuly bölüm Döwlet kitaphananyň düzümleýin bölümi bolup, beýleki bölümler bilen bilelikde Türkmenistanyň ähli kitaphanalaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny wagyz etmeklik işine ýakyndan ýardam berýär. Ýerlerdäki kitaphanalara belli bir maksatlar bilen saparlar gurnalýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda kabul eden “Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň welaýatlarda etrap, şäher merkezi kitaphanalaryny döretmek hakynda” kararyna laýyklykda 141 sany täze kitaphanalaryň açylmagy bilen bagly gurnalan saparlar munuň aýdyň mysalydyr. Saparlaryň netijesinde kitaphanalaryň iş ýagdaýlary ýerinde seredilýär we usuly maslahatlar berilýär. Kitaphanalaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýüze çykaryp öwrenmek we kitaphana işine ornaşdyrmak ylmy-usuly işiň esasylarynyň biri bolup durýar. Jemagat kitaphanalarynyň esasy wezipesi – okyjylara hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak, wagyz işini kämilleşdirmek. Bu babatda kitaphanaçylaryň okyjylar üçin edýän hyzmatlaryna ýardam bermek maksady bilen Döwlet kitaphananyň ylmy-usuly bölüminde usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalar taýýarlanylýar we welaýat, jemagat kitaphanalaryna iberilýär. Welaýat we jemagat kitaphanalarynyň iş derejelerini – üstünliklerini we kemçiliklerini anyklamak maksady bilen olaryň hasabatlary, meýilnamalary öwrenilýär we bellikler, teklipler bilen hyzmatdaşlyk aragatnaşygy saklanylýar. Kitaphana işini kadalaşdyrýan düzgünnamalary we gözükdirmeleri işläp taýýarlamak ylmy-usuly işiň aýrylmaz bölegidir. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen “Kitaphanalar we kitaphana işi hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny esasynda taýýarlanan birnäçe düzgünnamalar, “Kitaphana hazynasyny hasaba almak boýunça gözükdiriji”, “Kitaphana we sorag-jogap habar beriş hazynalaryndan neşir önümlerini hasapdan çykarmak boýunça gözükdiriji” we başga resminamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu resminamalar Türkmenistandaky kitaphanalaryň işini kadalaşdyrmakda we ýaýbaňlandyrmakda uly itergi bolýar.