«ÄHLI MEKAN-ZAMANLARYŇ ÇYN-HAKYKY RAÝATY — PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ADY BILEN EDEBIÝAT AGŞAMY GEÇIRILDI

  • «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.

    Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk, bu ugurda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dabaralar, guralýan sergiler, ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň bu ugurda ýazan eserleri, ylmy işleri şeýle hem nusgawy şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp, täze çap edilen kitaplar hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

    Çykyşlarynyň ahyrynda olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.