RUHY HAZYNA

    Gözellik dowamaty. – A. : Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik
    özgertmeleriň keremi bilen günsaýyn gül açýan türkmen halysynyň galkynan ykbaly, arşa göterilen sarpasy biziň buýsanjymyzdyr. Öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan türkmen halysynyň beýik sungatyny wasp edýän bu kitap 3 dilde çap edilip giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

    Berdimuhamedow Serdar. Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet. – A. : Türkmen döwlet neşirýat gullugy  , 2024

    Berdimuhamedow Serdar. Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet. – A. : Türkmen döwlet neşirýat gullugy  , 2024

    Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby dünýäniň medeniýetiniň mekany bolan gadymy Änew şäheri, taryhyň iň ähmiýetli sahypalary hakynda söhbetleriň jemidir.” Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly bu kitap okyja Türkmenistanyň soňky ýyllardaky ösüşlerine taryhyň alyslardan nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby 3 dilde çap edilip giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

    Magtymguly, sözle bu şirin dilde. Ylmy makalalaryň ýygyndysy. – A . :Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Magtymguly, sözle bu şirin dilde. Ylmy makalalaryň ýygyndysy. – A . :Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Okyjylar köpçüligine hödürlenen “Magtymguly, sözle bu şirin dilde ” atly ylmy makalalaryň ýygyndysynda Magtymguly pyragynyň ömri, edebi hazynasy, il ýurt, Watan, ynsan mertebesi, öwüt-ündewleri, dil aýratynlyklary we beýlekiler dogrusynda maglumatlar berilýär. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bu kitapy giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

    Şagulyýewa G. Belent boýly ussadym. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Şagulyýewa G. Belent boýly ussadym. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Türkmenistanyň Gahrymany Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel
    Şagulyýewanyň bu kitabynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitaba şahyryň dürli ýyllarda ýazan söýgi, durmuş baradaky goşgular çemeni girizilen.

    Magtymguly  Saýlanan eserler

    Magtymguly. Saýlanan eserler. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2024

    Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik dili bilen birleşdirilen akyldar Magtymgulynyň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alýar. Şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu kitabynda onuň watançylyk, ynsanperwerlik, çaga terbiýesi, ula hormat kiçä sarpa, dost-doganlyk, ylym-bilim, edep-terbiýe, ahlak ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny beýan edýän çuň manyly çeper sygyrlary bar. Kitapda şahyryň 271 şygry, sözlük we sözsoňy ýerleşdirilen.

    Ömrümiň manysynyň dowamaty

    Berdimuhamedow, Gurbanguly. Ömrümiň manysynyň dowamaty. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023

    Gahryman arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan çykan «Ömrümiň manysy» kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby jemgyýetçilik köpçüligine niýetlenilip, ol durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açyp, olara garaýyşlary barada ýazýar. Wakalaryň ömür we adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen täsin baglanyşykda beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

    Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

    Arkadag şäheri­ – geljegiň şäheri. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023

    «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan bu täze kitap owadan suratlar bilen bezelip, döwrümiziň täsinligini, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän täze akylly şäher barada söhbet açýar. Bu kitap şäher gurmagyň täze milli nusgalaryny dünýä ýaýmak bilen birlikde, okyjyda tebigy we şäher gözelliginiň ýakymly täsirini döredýär. Täze neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen.

    Türkmen, iňlis we rus dil.

    Mähribanlyk mukamy

    Daşgynow Gurbanýaz. Mähribanlyk mukamy. Goşgular. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022. - 439 s.

    Gurbanýaz Daşgynowyň bu kitaby Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň eşretli durmuşyna guwanç-begenç döredýär. Pasyllar, ene toprak, ýaşlyk, päk söýgi, adam ömri ýaly temalardan ýazylyp we hemmelere düşnükli bolup, okyjylarda ýakymly täsir galdyrýar.