RUHY HAZYNA

    Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. XIII

    Berdimuhamedow Gurbanguly, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. T. XIII . – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021.

    Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň 8-nji tomy.

    Лекарственные растения Туркменистана XIII

    Бердымухамедов Гурбангулы, Лекарственные растения Туркменистана. Т. 13. – А. : Туркменская государственная издательская служба, 2021.

     

    Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň 8-nji tomy (rus dilinde)

    Ak şäherim Aşgabat

    Berdimuhamedow G. Ak şäherim Aşgabat. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021.

    Hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Ak şäherim Aşgabat” atly gymmatly kitaby Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna mynasybetli halkymyza gowuşdy. Bu ajaýyp kitapda Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy, şu güni onuň geljegi barada giňişleýin söhbet edilýär. Kitap 6 bölümden ybarat bolup, kitapda köne Aşgabadyň taryhyny, ýurdumyzyň ösüşleriniň ähli ugurlaryny suratlandyrýan ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir.
    Hormatly Prezidentimiziň“Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp kitabynyň her bir bölüminde Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä jemgyýetçiligindäki tutýan orny, at-abraýy giňişleýin açylyp gözkezilýär.

    Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany

    Berdimuhamedow G. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    Ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýädäki abraýy, ilkinji nobatda, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» kitabynda şu hakykat örän aýdyň beýan edilýär. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär, ýurtlary birleşdirýän ählumumy wezipeleri mundan beýläk hem durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri töwerekleýin seljerilýär. Kitap okyjyny dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän taglymatlaryň manysy, adamzadyň nurana geljegi babatda has çuňňur pikirlenmeleriň dünýäsine atarýar. Giň jemgyýetçilik üçin gymmatly bolan bu ajaýyp eser Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatdyr.

    Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi

    Berdimuhamedow G. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär. Gahryman Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylandygyny görkezýär. Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasynda dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän weziperleri durmuşa geçirýär. Şunda gadymy çeşmeleriň ýene öz hanasyna dolýandygynyň hakykaty ör-boýuna galýar. Kitapda bu hakykat aýdyň beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby giň okyjykar köpçüligine niýetlenilýär.

    Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri XII

    Berdimuhamedow G. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri, XII t. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň 7-nji tomy.

    Operatiw hirurgiýa we topografik anatomiýa

    Bäşimow G. we başg. Operatiw hirurgiýa we topografik anatomiýa. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    Okuw kitabynda topografik anatomiýanyň esasy düşünjeleri, agzalaryň golotopiýasy, skeleto- we sintopiýasy, olaryň gan bilen üpjünçiligi, innerwasiýasy, limfa akymy we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze endoskopik operasiýalaryň tärleri hem-de usullary berildi.

    Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy

    Jumanyýazowa M. Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    «Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy» okuw kitaby türkmen medeniýetiniň we amaly-haşam sungatynyň ähmiýetli ýadygärliklerini ilkidurmuş jemgyýetinden başlap, irki orta asyrlaryň döwrüne we häzirki zamana çenli gelip ýeten nagyşlar, mata dokmaçylygy, halyçylyk, bejergi sungaty, metal taýýarlamak işleri, zergärçilik eserleri we keramika, binagärçilik sungatynyň bezegleri barada giňişleýin taryhy ylmy maglumatlary özünde jemleýär. Bu okuw kitaby medeniýeti we sungaty öwreniş hünärleri boýunça bilim alýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan mugallymlar hem-de sungat bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.