RUHY HAZYNA

    Derman ösümlikleriniň barlaglary

    Kokanow A. A., Hanow M. K. K61 Derman ösümlikleriniň barlaglary. Ylmy monografiya. -A.: Ylym, 2016. -164 sah.

    Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýerli dermanlyk ösümliklerini lukmançylyk maksatlary üçin öwrenmeklik döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Ylmy monografiýada ynsan saglygy we onuň tebigat bilen arabaglanyşygy, derman senagatynyň ösüşleri we gelejegi, derman ösümlikleriniň ekologiýa barlaglary, ýerli ýapon soforasynyň element we himiki düzümleri, mikroskopiýasy, olardan derman serişdelerini taýýarlamagyň tehnologiyasy hem-de olaryň keselleri bejerijilik hasiýetleri barasyndaky ylmy maglumatlar açylyp görkezilýär. Kitap derman ösümlikleri bilen gyzyklanyan hünärmenlere, ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara we talyplara niýetlenendir.

    Türkmenleriň kilim dokmaçylygy

    Hatamow J., Baymuradowa A. H 28 Türkmenleriň kilim dokmaçylygy. -A.: Ylym, 2016. -160 sah.

    Bu kitapda halkymyzyň gadymy kilim dokmaçylygynyň inçe syrlary, dokalyş aýratynlyklary, palas önümleriniň köpdürlüligi, gölleriniň many-mazmuny beýan edilmäge çalşyldy. Işde edebiýatlar bilen birlikde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplanan meýdan-etnografik maglumatlar ylmy dolanşyga girizildi. Bu işde ilkinji gezek milli kilim dokmaçylygynyň ahli ugurlaryny beýan etmäge synanyşyldy.

    Diňe jan diýjek

    Kerimowa В. K41 Dine jan diýjek. Goşgular. -A.: Ylym, 2014. -252 sah.

    Zenan şahyranalygyna mahsus näziklik, mähir-mylakat, ýuka yüreklilik, Watana, ene topraga, il-güne päk söýgi Bahargül Kerimowanyň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dürli temalarda ýazylan goşgular zenan yüreginiň özboluşly owazyny emele getirýär. Onun ene mähri, yşk-söýgi, watançylyk, borç temalaryndan döreden goşgulary has-da yürege ýakyn ýaňlanýar. Olarda örän inçelik bilen täsirli beýan edilýän şirin duygularda zenan kalbynyň, ene yüreğiniň gürstildisi duýlup dur. Şeýle hem Bahargül Kerimowanyň «Diňe jan diýjek» atly goşgular kitabynda Watanymyzyň ösüşleri özboluşly wagyz edilýär, milli Liderimiziň tutumly, halk bähbitli hyzmatlary taryplanýar.

    Dordepel

    Gowşudow А. G 57 Dordepel. Powest we hekaýa. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.

    Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran, ussat ýazyjy Ata Gowşudowyn bu kitaba girizilen eserleriniň tematikasy biri-birine ýakyn bolup, türkmen durmuşynyň aýratynlyklary, däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri, şeýle-de geçmiş taryhy şada dilde beýan edilýär. Ýazyjynyň «Dordepel» powestinde XIX asyr türkmen durmuşy, daşky duşmanlaryň türkmen topragyna häli-şindi guraýan talançylykly ýörişleri, Watan goragyna çykan batyr yigitleriň edermenligi, ugurtapyjylygy, esasan-da, halkymyzyň göz-guwanjy dal boýun atlary barada gyzykly gürrüňler berilýär. «Gajar aga» hekaýasynda gürrüňçi ýaşulynyň öz başdan geçiren wakalary bilen bagly berýän gürrüňleri ýaş nesli terbiýelemekde özboluşly durmuş mekdebidir.

    Goňurdepe

    S 48 Sarianidi W. I. Goňurdepe. Şalaryň we hudaýlaryň şäheri. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2008. -328 sah.

    Meşhur rus arheology, taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Gresiyanyň antropologiya jemgyýetiniň hormatly agzasy Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň bu kitaby 2002-nji ýylda Aşgabatda çap edilen «Türkmenistan, Marguş: Murgap deryasynyň köne hanasynyň aýagyndaky gadymy gündogar şalygy» atly kitabyňn dowamydyr. Okyjy onun ýolbaşçylyk edyän margiana arheologiya ekspedisiýasynyň soňky üç ýylda eden täze ajaýyp açyşlary bilen tanşar. Alymlara dine bir Goňurdepe şäherindäki ägirt uly köşkybadathana toplumynyň gazuw-agtaryş işlerini tamamlamak däl, eýsem, olara toplumyň golaýynda patyşa gonamçylygyny hem açmak başartdy. Onda altyndan, kümüşden, bürtinçden, daşdan, piliň sünkünden ýasalan zatlar tapyldy. Olaryň köpüsi gadymy gündogar sungatynyň ajaýyp nusgalarydyr. Arheologiya degişli materiallaryň köpüsi şu kitapda ilkinji gezek çap edilýär. Bu bilen bagly berýän gürrüňleri ýaş nesli terbiýelemekde özboluşly durmuş mekdebidir.

    Kompýuter grafikasy

    Çüriýew M. Ç 85 Kompýuter grafikasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.

    Bu okuw kitaby kompýuter grafikasynyň işleýiş düzgünlerini emretmeklige gönükdirilen. Kompýuter grafikasynda esasy orny onuň haýsy kompýuter programmasy arkaly ýerine ýetirilýändigi tutýar. Bu okuw kitabynda kompýuter grafikasy ugrunda in meşhur programmalar bolan - Adobe Photoshop, CorelDraw, AutoCad ulgamynda işlemegiň düzgünleri we grafiki şekilleri taýýarlamagyň usullary beýan edilýär. Kitap öz düzüminde diňe maglumat beriji bölümleri saklaman, eýsem tejribe taydan peýdaly görkezmeleri we maslahatlary hem saklaýan Okuw kitaby kompýuter tehnologiýalary ugrundan okaýanlar üçin niýetlenen hem bolsa, ondan giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.