Hemidow Akmuhammet. Eserler ýygyndysy. Dokuz tomluk. Tom 9. Golýazma. - Aşgabat : 2023. - 384 s.
Bu toma Ketjallar atly kiçi romanynyň dowamy we “Dile geldi, bile geldi” atly ýatlamalar we pikir ýöretmeler kitaby, şeýle hem türkmen edebiýatynyň köp tomluk taryhyndan bir parça girizilipdir.
Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary. - Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. - 258 s. : sur. Bibliogr.: s. 255.
“Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary” atly kitapda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan hem ekspozisiýasynda görkezilýän, XIX asyrda we XX asyryň başlarynda öndürilen türkmen milli zergärçilik sungatyna degişli gymmatlyklar, olaryň döreýişiniň taryhy, zergärçilik hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu kitapda zergärçilik önümlerinde seýrek duş gelýän iň täsin nusgalar toplanypdyr. Şeýle hem kitapda arhiw fotosuratlar ýerleşdirilipdir.
Muhadow Akmyrat. Bagtyň tagamy. A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021
Şahyr Akmyrat Muhadowyň bu kitabyna onyň dürli ýyllarda ýazan goşgulary girizilen. Kitap iki bölümden ybarat bolup, «Al-elwan gülleriň ýurdy» atly birinji bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dana parasaty, Şa kalbynyň sahabaty, joşgunly waspy ýetirilýän goşgulary ýerleşdirilen. Kitabyň ikinji bölüminde şahyryň ene, söýgi, toprak ýaly durmuşy şygyrlary girizilen.
Bitarap Türkmenistan: bilim ulgamynyň ösüş ugurlary. A.: Türkmen döwlet neşirýat gulugy, 2021
“Bitarap Türkmenistan: bilim ulgamynyň ösüş ugurlary ” ( usulyýet we tejribeler) atly ýygyndyly kitabynda alym Prezidentimiziň öňe süren dil syýasaty we ondan gelip çykýan wezipeler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň çäklerinde ene dilimiziň we daşary ýurt dilleriniň ylmy taýdan öwrenilişi olary okatmagyň usullary, sanly bilim ulgamynda gazanylan tejribeler, dil biliminiň wajyp meseleleri we beýlekiler beýan edilýär.
Annamyradow Döwletgeldi. Dünýäniň yşky. A.:Türkmen döwlet neşirýat gulugy , 2021
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow özüniň “ Söýgi sallançagy ”, “ Gara perişde ” atly kitaplary bilen okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Awtora uly meşhurlyk getiren “Gara perişde” şygyrlar ýygyndysy dürli ýaşdaky türkmen okyjylarynyň agtaryp, saýlap-seçip okaýan gymmatly kitabyna öwrüldi. Döwletgeldi Annamyradowyň “ Dünýäniň yşky ” atly liriki eseri kalplary yşkdan doly ýaşlara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir.
Awry Muhammet. Naýbaşy danalar (Lubabul-elbab) I-II jilt – A. : Ylym , 2021
Asly Merwli Muhammet ibn Muhammet Awry Merwezi Buhary tarapyndan 1221-nji ýylda “Lubabul-elbab” ( Naýbaşy danalar) atly bu eser irki döwürlerden başlap, şahyryň öz döwrüne çenli ýaşap geçen, pars dilinde şygyr döreden ençeme sahyrlaryň gysgaça ömrüni we goşgularyndan bölekleri öz içine alýan antologiýadyr. Onda beýan edilýän sahyrlaryň köpüsi Türkmenistanyň çäklerinde doglan, önüp ösen ýa-da beýleki ýurtlarda dünýä inen we ýetişen türkmen şahyrlarydyr. Jemi bu eser iki jiltden ybarat bolup pars dilinden türkmen diline terjime edilendir.
Atamämmedow, Şamämmet. Naýbadaýdyr ýoluň seniň. – Aşgabat, 2016.
Şahyr Şamämmet Atamämmedowyň “Naýbadaýdyr ýoluň seniň ” atly goşgular ýygyndysy ýerleşdirilen bu kitabynda öz dogduk mekanyna, eziz obasyna bolan söýgüsini, hormatyny juda ussatlyk bilen wasp edipdir. Şahyryň obasyna bolan hormaty, söýgüsi onuň goşgularynyň özenini düzýär. Şahyryň by kitaby okyjylar köpçüligi üçin niýetlendir.
Berdimuhamedow, Gurbanguly. Ömrümiň manysy. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
Gahryman Arkadagymyzyň köptaraply döredijiliginde aýratyn orna eýe bolan “ Ömrümiň manysy” atly kitabynda ýaş nesili agzybir, il-güne wepaly, ata-babalarymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik, lebze ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýagty gelejegi üçin ýol-ýörelge mekdebidir.