Babaýew G. we başg. Auditiň halkara standartlary. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Bu okuw kitabynda auditiň halkara standartlarynyň nazaryyet we usulyyet esaslary, olaryň topara bölünişi, mazmuny, auditorçylyk barlaglarynyň dürli tapgyrlarynda we auditorçylyk işiniň ugry boyunça hyzmatlaryň yerine yetirilmeginiň barşynda ulanylyşynyň ayratynlyklary, auditorlaryň edebi, şeyle hem Türkmenistanda auditorçylyk işiniň guralyşy ginişleyin beyan edilyâr. Şu okuw kitaby yokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niyetlenip, ondan auditorçylyk işini amala aşyryan hünârmenler hem peydalanyp bilerler.
Babaýew G. we başg. Bank töwekgelçiligi we onuň ätiýaçlandyrylyşy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
«Bank töwekgelçiligi we onuň âtiyaçlandyrylyşy» okuw kitaby bilim tayyarlygynyň ykdysady uğruna degişli bolup, ol 9 bapdan ybarat. Bu okuw kitabynda bank töwekgelçiliginiň nazaryyet esaslary, onuň gömüşleri, bank töwek- gelçiligi ulgamyny dolandyrmak, karz we göterim töwekgelçiligine baha bermek we ony dolandyrmagyň usullary, amallar töwekgelçiligine hâsiyetnama, likwidlilik töwekgelçiligi, şeyle hem bank töwekgelçiliginiň âtiyaçlandyrylyşy giňişleyin beyan edilyâr.
Rejebow K. Bagtyň suraty. Goşgular we poema. -A.:Türkmen dowlet neşiryat gullugy, 2019.
Şahyr Kakamyrat Rejebowyň kitaba girizilen goşgularynyň içinden watançylyk temasy eriş-argaç bolup geçýär. Ol durmuş hakda, döwür barada, tebigatyň sazlaşykly owazydyr yşk-söýgi dogrusynda söhbet açmak bilen, diňe öz garaýyşlaryndan ugur alyar. Şonuň üçin hem onuň goşgulary söýlüp okalýar.
Aşyrmämmedow N. Dag rowaýaty. Legend of mountains. Легенда гор.Hekayalar, stories, рассказы. -A.: Türkmen dowlet neşiryat gullugy, 2019.
Awtoryň türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylan hekaýalar yygyndysynda yurdumyzyň tâsin tebigatynyň, pak we wepaly söygüniň waspy, milli taryhymyzda orun alan ata-babalarymyzyň asylly yörelgeleridir dap-dessurlary, asyrlardan-asyrlara aşyp gelyân çeper sungaty, mukaddeslik, hallalyk bilen baglanyşykly örän çeper beyan edilen gyzykly wakalar hekayalarda hereket edyan gahrymanlaryň çeper keşbiniň üsti bilen okyjylara yetirilyâr.
Hekaýatlar yygyndysy. - A.: Ylym, 2018.- 184 sah.
«Hekaýatlar ýygyndysy» («Jamyg el hekayat») atly bu eser türkmen halkynyň edebi gymmatlyklarynyň biri bolup, onda durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gozgalýar. Şol meseleler akyl-payhas, sabyr-kanagat, batyrlyk we edermenlik bilen çözülýär. Akyl-paýhas ýok ýerinde ökünç, ahmyr çekiljekdigi düşündirilýär. Kynçylykly ýagdaýda ugurtapyjy, giň göwrümli bolmaklyk ündelýär. Olar gyzykly hekaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär.
Reşideddin Watwat. Danalaryň daýanjy. -A.: Ylym, 2018. 284 sah.
Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň Beyik Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlary Atsyza, II Arslana we Soltanşa Mahmyda wepaly hyzmat eden meşhur kâtip, beyik söz ussady, zehinli şahyr Reşideddin Watwat türkmen halkynyň medeni mirasyna uly goşant goşan şahslaryň biridir. Onuň golýazma eserleri dünyâniň meşhur kitaphanalarynda saklanyp, görnükli orun eyeleyâr. Reşideddin Watwatyn bu eseri iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarynyň resminamalaryndan we şahyryň şahsy hatlaryndan, ikinji bölümi bolsa öwüt-ündewlerden ybaratdyr. Eser ilkinji gezek arap dilinden terjime edilip neşir edilyâr we giň okyjylar köpçüligine niyetlenilyâr.
Muhammet Gazaly. Kalbyň täsinlikleri. -A.:Ylym, 2018. -200 sah.
Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň Beyik Seljuk türkmen soltanlary Malik şanyň, Soltan Sanjaryň köşgünde ençe yyllap işlân we döwlete, halka päk yürekden hyzmat eden beyik alym we akyldar Muhammet Gazaly Gündogar alymlarynyň arasynda iň köp eser yazan meşhur alymlaryň biridir. Onuň «Kalbyň tâsinlikleri» atly bu kitaby «Ihya Ulumiddin» atly iň meşhur eseriniň üçünji bölüminin birinji kitabydyr. Türkmen diline ilkinji gezek terjime edilen bu kitapda kalp we onun tâsinlikleri, dünyâ we gayyp âlemine akyl yetirmek, ynsanyň özüni tanamasy, pes-pâllik, ylym öwrenmegiň âhmiyeti we yollary beyan edilyâr.
Feridetdin Attar. F32 Weliler hakda rowaýatlar. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň dykgatyňyza hödürlenýän «Weliler hakda rowaýatlar» («Tezkiretül-ewliýä») kitaby onuň iň meşhur eserleriniň biridir. Kitapda gürrüňi edilýän şahslaryň ählisi diýen ýaly ýurdumyz, medeniýetimiz, ruhy dünýämiz bilen göniden-göni bagly bolup, olar halkymyzyň arasynda şu günler hem giňden tanalýar. Olardan Abu Fazyl Hasan Sarahsy (Sarahs baba), Abu Sagyt Abul Haýyr (Mäne baba), Abu Hasan Harkany, Abu Aly De Khak ýaly weliler gönüden-göni ýurdumyzda ýaşap geçipdirler. Iň bir guwandyryjy ýeri-de, rowaýatlardaky wakalaryň köpüsiniň Watanymyzyň çäginde bolup geçmegidir. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär.
Sözbaşysyny ýazan we çapa taýýarlan Orazgylyç Çaryýew.