RUHY HAZYNA

    Türkmen edebiýaty (7-nji synp, rus mekdepleri üçin)

    Küllekow Ş. we başg. K 90 Türkmen edebiýaty. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    Türkmen edebiýaty. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan VII synpy üçin okuw kitaby.

    Türkmen dili (7-nji synp, rus mekdepleri üçin)

    Baýjanow B. B18 Türkmen dili. -A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    Türkmen dili. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan VII synpy üçin okuw kitaby.

    Kalbymyň senasy

    Rejebow N. R40 Kalbymyň senasy.: Saýlanan goşgular.- A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    Görnükli türkmen şahyry, dramaturgy, kinodramaturgy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow 1946-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Serhetabat etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginde dünýä indi. Oba mekdebini, soňra Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt diller fakultetini tamamlady. Ol «Türkmenistan» neşirýatynda, «Sowet edebiýaty»- häzirki «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli wezipelerde işledi. Nobatgulynyň on bäş sany goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. «Durnalaryň düşelgesi» atly goşgular kitaby bolsa Moskwada neşir edildi. Onuň «Gedaý bagşy», «Hak aşyklar”», «Jahan jomardy», «Gyrat», «Görogly we Agaýunus», «Döwletli döwran geldi», «Halal hazyna», «Sahawat derýasy», «Dessembil» ýaly onlarça drama eseri paýtagtymyzyň teatrlarynda goýuldy hem şaserpaýyna eýe boldy. Nobatgulynyň ssenarisi boýunça «Ajaýyp», «Arşyň pynhan hikmeti», «Awazanyň aýdymy», «Gyzykly gezelenç», «Ýalkamyş bagşy» ýaly birnäçe çeper film surata düşürildi. «Ependi, sen kim?» atly komediýasy Türkiýede türki dilli dramaturglaryň arasynda geçirilen bäsleşikde abraýly baýraga mynasyp boldy. Eliňizdäki «Kalbymyň senasy» atly kitaba Nobatguly Rejebowyň iň gowy goşgulary girizildi.

    Galkynan göwün

    Çüriýew A. Ç 85 Galkynan göwün. -A.: Goşgular. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    Şahyr Allaýar Çüriýewiň bu goşgular ýygyndysyna onuň dürli ýyllarda ýazan şygyrlary girizildi. Tanymal şahyryň ezber galamynyň astyndan çykan bu şygyrlarda Berkarar Watanymyzyň belent üstünlikleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligi, ynsan kalbynyň ýokary ahlak mertebesi, halallyk, lebizlilik, şeýle hem päk söýgi çeper dilde beýan edilýär.

    Dessanlar (Nurmuhammet Andalyp)

    Nurmuhammet Andalyp A 60 Dessanlar. -A.: Türkmen döwlet neşiryat gullugy, 2011. Türkmenistanyň Ylymlar akademiyasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan ýygnaldy

    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üznüksiz tagallalary netijesinde türkmen halkynyn beyik şahsyyetleriniň, şahyrlarynyň we alymlarynyň eserleri yzygiderli halka ýetirilyar we olaryň ýubileýleri halkara derejesinde bellenilýär. 2011-nji ýylda hem ajaýyp türkmen dessançy şahyry Nurmuhammet Andalybyň 350 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilyär. Şahyryň «Leyli-Mejnun», «Ýusup-Züleyha», «Zeýnelarap», «Baba Röwşen» dessanlary hem şu toýa niyetlenilip taýýarlanyldy. Bu dessanlarda ahlak päkligi, ene-ata bolan hormat-sylag, birek-birege söýgi, ygrarlylyk ýaly ruhy gymmatlyklar ündelýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi.

    Köne türkmen ýazuwy

    Bekjäyew T. B 44 Köne türkmen ýazuwy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. -A.:Türkmen döwlet neşiryat gullugy. 2013.

    Okuw kitaby halkymyzyň milli medeni mirasyny seljermekde möhüm ähmiyete eýe bolan köne türkmen ýazuwyny öwrenmekde zerur bolan esasy maglumatlary özünde jemleyâr. Bu işde dine bir köne türkmen yazuwynyn harplaryny öwretmek göz önünde tutulman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny ata-babalarymyzyň dil biliminde, edebiyatda, şeýle-de durmuşyn beýleki ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak hem maksat edinilyär. Okuw kitabynda gadymy akyldarlarymyzyn ylmy işlerine, nusgawy edebiyatymyzyň wekilleriniň döredij iliğine, halkymyzyn dâp-dessurlary bilen bagly maglu- matlara aýratyn üns berildi. Kitap yokary okuw mekdeplerinin dil we edebiýat fakultetlerinin talyplaryna, aspirantlara, dil we edebiýat mugallymlaryna, taryhçylara şeyle-de, köne ýazuw ýadygärlikleri bilen gyzyklanýanlara niýetlenilýär.

    Gadymy Köýtendagyň gymmatlyklary

    Ismankulow T. 173 Gadymy Köýtendagyň gymmatlyklary. -A.: Ylym, 2016. -112 sah.

    Bu kitapda Köýtendagyň tebigaty, taryhy we şu güni bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar berilyâr. Awtor kitaby çap etmekdäki hemaýaty hem-de maglumatlary toplamakda beren kömegi üçin Köýtendag etrap häkimligine we Türkmenistanyň Demokratik partiyasynyň etrap komitetine köýtendagly ýaşulular Mürzeýar Şaymyradowa, Aral Hoşmyradowa, Reşit hajy Işbaýewe we Atamyrat şäherindäki Döwlet Taryhy-medeni goraghanasynyn işgärlerine öz minnetdarlygyny bildiryâr.

    Dänäni kabul etmegiň we saklamagyň tehnologiýasy

    Taylakow B. N. we başgalar T30 Dänäni kabul etmegiň we saklamagyň tehnologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

    Okuw kitabynda däneli ekinleriň halk hojalygyndaky ähmiyeti, ulgamy, daşky synalarynyň gurluş aýratynlyklary, dänäni guratmagyň tehnologiýasy, dänäni guradyjy enjamlaryň niyetlenişi, gurluşy, onun tehniki-ykdysady häsiyetnamasy, ulanmaklygyň usullary, dänäde hil, mukdar barlaglaryny geçirmegiň fıziki-himiki usullary barada ylmy we önümçilik taydan ähmiyetli maglumatlar beyan edilyâr. Okuw kitaby S. A. Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dänäni gaýtadan işlemek hünariniň talyplary üçin niyetlenilyär. Kitapdan giň okyjylar köpçüligi hem peydalanyp biler.