Berdimuhamedow, Gurbanguly. Abadançylygyň röwşen gadamlary. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2022.
“Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitapda 2021-nji ýylyňdowamynda–2022-nji ýylyň başynda ýurdymyzyň durmuşyndaky, şeýle-dehalkara derejeli möhüm wakalar,Gahryman Arkadagymyzyň taryhy seneler mynasybetli sözlän sözleri, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň sowallaryna jogaplar we beýleki çykyşlary girizildi. Olarda ynsan ýaşaýşynyň dürli ugurlary baradaky garaýyşlar öz beýanyny tapýar, ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli meseleler her taraplaýyn, çuňňur seljerilýär, adamzadyň röwşen geljegine hyzmat etjek parasatly pikirler öňe sürülýär. Halklaryň arasynda bu çykyşlara bolan gyzyklanmanyň uludygy hem şonuň bilen düşündirilýär.
Бердымухамедов Гурбангулы. Светлый путь к процветанию. – А. : Туркменская государственная издательская служба, 2022.
В новую книгу ”Светлый путь к процветанию ” вошли речи уважаемого Президента о важных событиях, произошедших в нашей стране и на международной арене, об исторических датах, ответы на вопросы представителей зарубежных средств массовой информации, а также многие другие выступления, прозвучавшие в течение 2021 и в начале 2022 годов. В них отражены взгляды на различные аспекты жизни человека, глубоко проанализированы вопросы, имеющие национальное, региональное и глобальное значения, и выдвинутые мудрые идеи, которые призваны обеспечить светлое будущее всего человечества. Этим и объясняется всесторонний интерес, проявляемый народами мира к этим выступлениям.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2022.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen dünýä ykdysadyýetindäki üýtgeşmelere ýurdymyzyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek, ösüşiň geljekki uzakmöhletleýin strategik ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, beýleki Maksatnamalardan, Meýilnamalardan we Konsepsiýalardan ugur alnyp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Milli Maksatnamada milletimiziň Lideriniň geljek otuz ýylda ýurdymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek babatyndaky syýasatynyň esasy ugurlary jemlenýär
Baýramdurdyýew P., Rejepgulyýew M. Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty. Ylmy-amaly gollanma. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2022.
Okyjylara hödürlenýän bu gollanmada çylşyrymly hereketlere seýislemek üçin ahalteke atlarynyň saýlanyp alnyşy, olary seýislemekde nerw işjeňliginiň orny, atyň we hereket ediş ulgamy, ata münüş öwretmegiň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle hem onda atlara dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegi öwretmegiň kämil milli usullary barada durlup
Şalyýew Bazar. Rubagylar. Goşgular. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2021.
Şahyr Bazar Şalyýewiň “Rubagylar ” atly bu täze kitabyna birnäçe ýyllaryň dowamynda ýazan dürli temadaky rubagylary girizilipdir. Şahyryň ynsan ahlagyna aralaşýan oý-pikirlerini özünde jemleýän bu kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir
Baýramdurdyýew P., Rejepgulyýew M. Aty saýlamagyň düzgünleri. Ylmy-amaly gollanma. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2022.
Ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy we fiziki häsiýetleri, olary saýlap- seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde dürli maksatlar üçin saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar
Egin-eşigiň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021.
“Egin-eşigiň taryhy” okuw kitabynda Gündogar we Günbatar ýurtlaryň gadymy döwürden XX asyr aralygyndaky egin- eşikleriniň taryhy baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bu okuw kitaby medeniýeti we sungaty öwreniş hünärleri boýunça bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary we sungat bilen gyzyklanýanlar hem peýdalanyp bilerler
Berdimuhamedow, Gurbanguly. Garaşsyzlyk — bagtymyz = Independence - our happiness = Независимость – наше счастье. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2021
Döretmek, gurmak, adamlaryň bagtyýar ýaşamaklary ugrunda beýik işleri durmuşa geçirmek üçin çuňňur akyl-paýhas, ruhubelentlik, öňdengörüjilik, Watana, halka bolan çäksiz söýgi bolmaly. Ýurdymyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde, oba-şäherlerinde, şol sanda ak şäherimiz Aşgabadyň keşbi düýpgöter özgerýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý baýramy mynasybetli hormatly Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynda, gysga taryhy döwürde halkymyzyň ýeten belent sepgitleri aýdyň beýan edilýär