TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASY

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy barada gysgaça taryhy maglumat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döreýiş taryhy XIX asyryň ahyryna degişlidir.

1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda özünde 3 müň nusgalyk kitap hazynasy bolan Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy açylýar we okyjylara hyzmat edip başlaýar. Kitaphana öýe kitap berýän bölümden (abonement bölümden) we okamak üçin otagdan (okalga zalyndan) ybaratdy. Öýe kitap bermeklik tölegli amala aşyrylýardy.

Zakaspiý oblastynyň Türkmen oblasty diýlip täzeden atlandyrylmagy bilen baglanyşyklykda kitaphana Türkmen oblastynyň jemagat kitaphanasy diýen resmi ady alýar. 1921-nji ýylda onuň düzüminde abonementler, okalga zaly, işläp taýýarlaýyş we kitap saklamak bölümi, milli (soňra gündogar) edebiýat bölümleri bardy.

Milli edebiýat bölüminiň döredilmegi türkmen dilinde kitap hazynasyny emele getirmegiň we ýerli millete kitap bilen hyzmat etmegiň esasyny goýdy. Kitaphananyň usuly işiniň başlanmagy hem şu döwre degişlidir.

1923-nji ýylda kitaphanada Merkezi kitaphana Soweti (Geňeşi) döredilýär, onuň wezipesi kitaphana işiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, gowy işleýän kitaphanalaryň tejribesini umumylaşdyrmakdan, şäheriň ähli kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmakdan ybaratdy.

1933-nji ýylda kitaphanada kitaphanaşynaslyk (bibliotekowedeniýe) kabineti döredilýär. Kabinet Türkmenistanyň ähli kitaphanalary üçin usuly merkez bolup hyzmat edip başlaýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda (1941-1945) kitaphana öz ähli işini uruş ýyllarynyň şertlerini nazara almak bilen üýtgedip guraýar. Bu ýyllarda kitaphananyň zähmet topary tarapyndan harby hassahanalaryň, harby bolümleriň we çagyryş nokatlaryň ençemesinde harby-şeflik işleri ýaýbaňlandyrylýar. Olarda göçme kitaphanalar döredilýär, kitap sergileri guralýar, sesli okaýyşlar we gürrüňler yzygiderli geçirilýär. Bu ýyllarda Aşgabat şäherine ewakuirlenen (harby ýagdaýda howply ýerlerden göçürilip getirilen) alymlaryň, mugallymlaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň ençemesi kitaphananyň baý hazynasyndan peýdalanmak bilen öz ylmy işlerini dowam edýärler. 1943-1945-nji ýyllarda kitaphana Rossiýanyň, Ukrainanyň we Belorussiýanyň nemes basybalyjylaryndan azat edilen ýerlerine 10 müňe golaý kitaplary iberýär.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijedäki bolup geçen Ýer titremesi kitaphana uly zyýan ýetirdi. Tebigy heläkçiligiň netijesinde onuň jaýy bütinleýin ýykyldy, kitap hazynasy, habarnama ulgamy (kataloglar we kartotekalar) we ähli enjamlar harabaçylygyň astynda galdy. Wagtlaýyn jaýyň birinji nobatdakysynyň dikeldilmegi gysga möhletlerde tamamlanýar we 1949-njy ýylyň aprel aýynda kitaphana ýene-de okyjylara hyzmat etmäge girişdi.

1960-njy ýyllarda kitaphananyň maddy-tehniki binýadynyň güýçlendirilmegi, öndürijilikli alnyp barlan içki guramaçylyk hojalyk işleri okyjylara hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmaga, köpçülik işlerini, sorag-jogap we bibliografiýa işlerini, usuly işleri has-da ýaýbaňlandyrmaga ýardam edýär. 1965-nji ýylda kitaphanada jemi on sany bölüm hereket edýärdi:

  1. hyzmat ediş bölümi;
  2. sorag-jogap we bibliografiýa işlerini alyp barýan bölüm;
  3. usuly bölüm;
  4. edebiýatlary toplamak bölümi;
  5. neşirleri işleýän we kataloglaşdyrýan bölüm;
  6. gündogar edebiýatlar bölümi;
  7. daşary ýurt edebiýatlar bölümi;
  8. kitap saklanýan bölüm;
  9. tehniki edebiýatlar bölümi;
  10. ýörite hazynalar bölümi.

1991-nji ýylda ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, kitaphananyň taryhynda täze döwür başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda kabul eden №1073 kararyna laýyklykda kitaphana Millilik derejesi berildi. Şunuň bilen baglanyşyklykda onuň wezipesi, işiniň mazmuny, ileri tutulýan ugurlary kämilleşdi. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy türkmen halkynyň neşir edilen medeni mirasyny aýawly saklamagyň mukaddes ojagydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek hakynda” 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde gol çeken 12981-nji Kararyna laýyklykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasy Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyryldy.

Döwlet kitaphanasynyň hazynasy 5,6 mln. gowrak neşir birliklerinden ybarat bolup, jemi 17 sany bölüm hereket edýär:

  1. Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi
  2. Kitaplary elektron görnüşe geçirmek bölümi
  3. Ylmy-usuly bölümi
  4. Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi
  5. Tehniki gözegçilik bölümi
  6. Neşirleri toplaýyş bölümi
  7. Kitap saklanýan bölümi
  8. Patent tehniki edebiýatlar bölümi
  9. Hyzmat ediş bölümi
  10. Kitaphanaara abonementi bölümi
  11. Bibliografiýa bölümi
  12. Sungat bölümi
  13. Seýrek neşirler bölümi
  14. Oba hojalyk edebiýatlary bölümi
  15. Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi
  16. Medeni-köpçülik işleri bölümi
  17. Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi

2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hereket edýär.