DAŞARY ÝURT DILLERINDÄKI EDEBIÝATLAR BÖLÜMI

Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi

Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi

Döwlet kitaphanasynyň düzüminde daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi 1956–njy ýyldan bäri hereket edýär. Kitap hazynasyny ylmy taýdan esaslandyryp emele getirmek, daşary ýurt dillerindäki neşirleri netijeli peýdalanmak bölümiň wezipesine girýär. Toplamak, neşirleri işlemek, okyjylara hyzmat etmek, bolümdäki neşirleri elektron kataloga girizmek işlerini bölümiň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýär. Bölüm halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etmek üçin daşary ýurt ilçihanalary we medeni guramalar bilen aragatnaşyk saklaýar. Bölümiň hazynasynda kitap, döwürleýin neşirler jemlenýär. Bölümde 50-ä golaý dilde neşir bolup, ýagny olar iňlis, nemes, arap, fransuz, türk, hytaý, ýapon, pars, urdu, puştu şeýle hem iwrit, esperanta we başgalar. Olar ajaýyp ensiklopediýalar, bilimiň, sungatyň, medeniýetiniň, syýasatyň, ykdysadyýetiň we dürli pudaklara degişli maglumatlary berýan edebiýatlardyr. Mundan başga-da bölümde dil öwrenmek üçin ýorite okuw gollanmalary bar. Dil bilimini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini ýokary hili öwrenmek, dünýä döwletlerine gaýybana syýahat etmek, olaryň taryhyny, medeniýetini, sungatyny has çuňňur öwrenmek üçin Audio-wizual serişdeleriň (audiokassetalaryň, wideokassetalarynyň, CD, DVD diskleriniň, gramplastinkalarynyň) kömegi bilen amala aşyrylýär.