SUNGAT BÖLÜMI

Sungat bölümi

Sungat bölümi

Sungat bölümi – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň özbaşdak düzüm bölegidir. Bölüm 1969-njy ýyldan bäri hereket edýär. Bölümiň esasy wezipesi okyjylaryň maglumat talaplaryny tizara kanagatlandyrmakdan, hazynany toplamakdan we ony aýawly saklamakdan, elektron katalogyny döretmekden ybaratdyr. Sungat bölüminiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, audiowizual neşirlerinden ybaratdyr. Şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Bölümde sungatyň ähli görnüşleri boýunça sowal-jogap neşirleri-de bar. Türkmen sungatynyň we daşary ýurtlaryň sungatynyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen, bölüm tematiki we senenama sergilerini guraýar, Türkmenistanyň görnükli sungat işgärleri bilen duşuşuşyklardyr agşamlary geçirýär, teatrlar, muzeýler we beýleki edaralar üçin dürli maglumatlary ýerine ýetirýär, çykyşlary taýýarlaýar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalary çap etdirip durýar. Bölüm artistler, režissýorlar we kompozitorlar hakynda usuly gollanmalaryň tapgyryny çykardy we bu işi dowam edýär. Sungat bölümi köpçülikleýin we ýekebara görmeklik hem-de diňlemeklik üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasyna eýedir. Okyjynyň islegi boýunça bu ýerde tomaşa edilen kinofilmiň, telefilmiň we diňlenen aýdym-saz eseriniň ýazgysy amala aşyrylyp bilner.