Seýrek neşirler bölümi
1984-nji ýylyň maý aýynda Döwlet kitaphananyň kitap saklanýan bölüminiň seýrek kitaplar bölümçesiniň esasynda döredilýär. Şol ýylyň iýul aýynyň 1-den bu bölüm özbaşdak bolup işläp başlaýar. Bölümiň hazynasynda (68 müňe golaý neşirler bolup, onuň 17 müňden gowragyny kitaplar galany döwürleýin neşirler, dissertasiýalar tutýar). Bölümiň hazynasynda Türkmenistanyň kitaplarynyň we metbugat işiniň taryhyny öwrenmek üçin taryhy ylmy we medeni gymmatlyklary jemleýän ülkeşynaslyk seýrek neşirler toplanandyr. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda ýeke bir Türkmenistanyň däl-de, başga ýurtlaryň-da ylymda, medeniýetde, şol sanda ýazyjylaryň, şahyrlaryň peşgeş beren uly gymmaty bolan neşirleri hem saklanylýar. Golasty hazynadaky kitaplar diňe bir türkmen we rus dillerinde bolman, eýsem, Ýewropa: iňlis, nemes, latyn, fransuz, italýan, ispan, şwed dillerinde we gündogar : arap, pars türki dilindäki neşirler hem bar. Seýrek neşirler bölümi özüniň golasty hazynasyndan okyjylara hyzmat edýär, olara maslahatlar berýär, ýazmaça we dil üsti maglumatlary ýerine ýetirýär, kataloglar we kartotekalary Türkmenistana degişli täze maglumatlar bilen dolduryp durýar, ülkäni öwreniş babatda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän neşirleri saýlap alýar. Bölümiň işgärleri köpçülik işlerini hem alyp barýarlar, sergileri gurnaýarlar, ýerlerde we kitaphanada kitaphana synlaryny, söhbetdeşlikleri geçirýärler, we bölümiň neşirlerini umumy habar beriş serişdelerinde yzygiderli wagyz edýärler.