Nurow R., Hojamämmedow B. Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy. – A.: Ylym, 2019.
Okuw kitaby S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tebigy süýümleri egirmek, Mata önümçiligi, Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünärlerinde Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy dersinden bilim alýan talyplar üçin niýetlenilendir. Kitapda dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasynyň nazary we amaly esaslary beýan edilýär. Bu okuw kitabynda dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasyna degişli esasy maglumatlar berilýär. Ylmy işgärler, mugallymlar, talyplar we dokma senagatynyň hünärmenleri bu okuw kitabyndan öz işlerinde peýdalanyp bilerler.
Akynyýazow G. Medeniýeti öwreniş. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Okuw kitaby Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ähli hünärleri üçin medeniýeti öwreniş dersiniň okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanyldy. Şeýle hem bu okuw kitabyndan beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Orazow B. we başg. Web dizaýn we programmirlemek. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Web dizaýn we programmirlemek Web-saýtlary döretmek häzirki wagtda giňden ulanylýan HTML, CSS, JavaScript, PHP, SQL, MySQL we CMS Joomla programmirleme serişdelerini doly öwrenmekligi öz içine alýar. Web dizaýn we programmirlemek okuw kitaby ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenip, ondan Web tehnologiýalaryň kömegi bilen Web-saýtlary döretmegi, işläp taýýarlamagy düýpli öwrenmegi maksat edinýän okyjylar hem peýdalanyp bilerler.
Berdimuhamedow G. Türkmen alabaýy. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Türkmen halkynyň milli Lideriniň aladalary netijesinde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Eliňizdäki şu kitapda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolup hyzmat eden milli gymmatlygymyz alabaý itlerimiz dogrusynda söhbet açylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseri adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu eseri okap, türkmen alabaýy hakyndaky düýpli pikirleriň paýhas ýaýlasyna seýil edersiňiz.
Stanislawskiý K.S. Aktýoryň özüni öz hünärine terbiýeleýän işleri. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Aktýoryň özüni öz hünärine terbiýeleýän işleri. Eserler ýygyndysy. II tom. I bölüm. Öz başyňdan geçiren ýaly döredijilik düzgün-kadasynda özüňi terbiýeleýän işler. Okuwçynyň gündeligi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.
Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyk etmeginde Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen dil biliminde ilkinji gezek düzüldi. Dünýä sözlükçilik tejribesinden ugur alnyp düzülen bu sözlük häzirki zaman kiberhowpsuzlyk adalgalaryna degişli söz baýlyklarynyň aglaba bölegini öz içine alýar. Sözlükde, takmynan, 1100 töweregi baş söze, söz düzümlerine sözlük makalalary ýazylyp, olaryň häzirki zaman türkmen dilinde ýazylyşy görkezilip, aňladýan manylaryna giňden düşündiriş berildi. Sözlük maglumat howpsuzlygy we maglumat goragy ulgamynda işleýän hünärmenlere, mugallymlara, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde maglumat howpsuzlygy we kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplara niýetlenilýär.
Ходжамедова Т. Е. и др. Русский язык. Учебник для 1 класса общеобразовательных средних школ. –A.: TТуркменская государственная издательская служба, 2019.
Русский язык. Учебник для 1 класса общеобразовательных средних школ.
Пирлиева О. и др. Русский язык. Учебник для 7 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ. –A.: Туркменская государственная издательская служба, 2019.
Русский язык. Учебник для 7 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ.