«ÄLEMDE BELLIDIR WATAN BAÝDAGY!» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Garaşyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Döwlet Baýdagynyň we Konstitusiýamyzyň baýramçylygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, barha belent sepgitlere ýetýän döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy hakynda giňişleýin durup geçdiler.

    Ýaşyl Tugumyzyň Ýer ýüzünde buýsançly, erkana pasyrdap durmagy, döwletimiziň abraýyny äleme ýaýýandygynyň, asudalygymyzyň, parahatlygymyzyň ykrarnamasy hökmünde kalbyňy joşdurýar. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.