“ÄNEW – GADYMYÝETIŇ ŞAÝADY” ATLY USULY-BIBLIOGRAFIÝA GOLLANMASY TAÝÝARLANYLDY.

  • “Änew – gadymyýetiň şaýady” atly usuly-bibliografiýa gollanmasy taýýarlanyldy.

    “Änew – gadymyýetiň şaýady” atly usuly-bibliografiýa gollanmasy taýýarlanyldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat
    bölümi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
    “Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan ruhlanyp,
    şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip
    yglan edilmegi mynasybetli “Änew – gadymyýetiň şaýady” atly
    usuly-bibliografiýa gollanmasy taýýarlanyldy.
    Döwlet kitaphanasynyň sungat bölümi şu gün şol gollanma boýunça kitaphana
    synyny geçirdi.
    Syna gatnaşanlar milli mirasymyza goýýan belent sarpasy, taryhy
    ýadygärliklerimizi öwrenmäge döreden mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň
    Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
    alkyşlaryny beýan etdiler.