-
11
Maý
«Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz unwersiteti bilen Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitabyň ýaş nesillermiz, talyplarmyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy, ylaýtada olaryň Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebi bolan gymmatly kitaplaryny, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pragynyň dürdäne eserlerini örän köp okaýandyklaryny nygtamak bilen, her bir işde, durmuşda kitabyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynyň ahyrynda bizi ajaýyp döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.