-
23
Fewral
«Arkadag Serdarly eziz Watanym – toý toýlaýar Pyragynyň şanyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Mukamlar köşgi bilen bilelikde «Arkadag Serdarly eziz Watanym – toý toýlaýar Pyragynyň şanyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde «Watan» gazetiniň redaktory Tawus Kakaýewa; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa; Döwlet kitaphanasynyň oba-hojalyk edebiýatlary bölüminiň esasy kitaphanaçysy Ogultagan Orazgulyýewa dagylar çykyş etdiler.
Ýurdumyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, dürli baýramçylyk dabaralary, döredijilik we duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Kitap sergileri guralýar. Şeýle hem bilşimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çeper we ylmy edebiýatlar, monografiýalar hem-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň akyldar şahyrymyz hakynda ýazan ajaýyp eserleri yzygiderli çap edilip, okyjylarymyza ýetirilýär.
Çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda görülýän taýýarlyk, nusgawy şahyrymyz, türkmen şygryýetiniň almaz täji Magtymguly atamyzyň sözlerine ýurdumyzyň bagşy sazandalarynyň aýdýan ajaýyp aýdymlarydyr çalýan sazlary, şeýle hem Mukamlar köşgünde biziň ýaş bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän ajaýyp aýdymlary hakynda hem nygtap geçdiler.
Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň «Seýrek neşirler» hem-de «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar» bölümlerine gezelençler gurnaldy. Gezelenji «Seýrek neşirler» bölüminiň bölüm müdiri Altyn Kakaýewa hem-de «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar» bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Gülöwser Nuryýewa dagylar alyp bardylar. Gezelenje gatnaşan myhmanlar şol bölümleriň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldular.