«ARKADAG SERDARLY TÄZE EÝÝAMLY WATAN» ADY BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞUGY GEÇIRILDI

  • «Arkadag Serdarly täze eýýamly Watan» ady bilen döredijilik duşuşugy geçirildi

    «Arkadag Serdarly täze eýýamly Watan» ady bilen döredijilik duşuşugy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Arkadag Serdarly täze eýýamly Watan» ady bilen döredijilik duşuşugy geçirildi.

    Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň şu günlerinde biziň ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, şeýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etdiler hem-de öz täze döreden goşgularyny okadylar. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ajaýyp kitaplaryndan, sözüň dürdänesine öwrülen pähim-paýhaslaryndan bölekleri aýtdylar.

    Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.