-
12
Maý
«Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesillermiz, talyplarmyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygyny nygtamak bilen, her bir işde, durmuşda olaryň gymmatly kitaplarynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynyň ahyrynda bizi ajaýyp döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.