-
27
Ýanwar
«Arkadagly Watan — bagtyýar döwür» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Watan – bagtyýar döwür” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler: Kömek Kulyýew – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýazyjy; Gülşirin Hanowa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy, hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, şahyr; Oguljemal Orazdurdyýewa - Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri; Ogultagan Orazgulyýewa – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň esasy kitaphanaçysy, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi.
“Arkadagly Watan – bagtyýar döwür” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy we alnyp barylýan halk bähbitli işler barada nygtap geçdiler we hormatly Prezidentimize jan-saglyk, işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.