«ARKADAGLY WATANYMYŇ BUÝSANJY SEN, PYRAGY!» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi hem-de giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

    Maslahata medeniýet-sungat işgärleri, kitaphananyň hünärmenleri we okyjylar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri dogrusynda, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti“, “Ile döwlet geler bolsa...“, “Medeniýet halkyň kalbydyr“, „Parahatçylyk sazy —dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplarynyň medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda gymmatly çeşmeler bolup durýandygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da dabaranyň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Döwlet kitaphanasynda tapawutlanyp zähmet çekýän ýaşlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.