“ARKADAGYŇ ESERLERI ÝAŞLARA GÖRELDE”

  • “Arkadagyň eserleri  ýaşlara görelde”

    “Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleriniň hem gatnaşmagynda Arkadagyň eserleri  ýaşlara görelde” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu  söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitabyň ýaş nesillermiz, talyplarmyz tarapyndan  uly söýgi bilen okalýandygy, ylaýta-da olaryň Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebi bolan gymmatly kitaplaryny, biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyz we talyplarmyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidigini, ýaşlarda Watany söýmekligiň, özüňde iň ýagşy gylyklary terbiýelemekde, kitaby söýmekde, ylym-bilim almakda bu gymmatly kitaplaryň belli bahasy ýoklygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri bu gün dünýä bellidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ajaýyp kitaplary: “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplary halkymyzyň arasynda watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz edýän gymmatly çeşmelerdir” diýip, belläp geçdiler.  

            Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler  halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.