-
02
Dekabr
«Arkadagyň eserleri — ýaşlara görelde» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen bilelikde «Arkadagyň eserleri — ýaşlara görelde» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler sözleriniň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan çykan eserleriniň hem türkmençilige mahsus däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň jemlenen gymmatly hazynasy hökmünde ýaşlarymyzy watansözýüjilikli, edep-terbiýä çagyrýan sözleri bilen çykyş etdiler.
Bagtyýarlyk ýolundan ynamly öňe barýan Watanymyzyň her bir güni ösüşlere, üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda kitaphanaçylyga berilýän ünsüň ýokary derejä göteren, türkmen halkynyň at-abraýynyň şan-şöhratyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.