“ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN ADYŇ ARŞA GALDY PYRAGY”

  • “Arkadagyň paýhasyndan adyň arşa galdy Pyragy”

    “Arkadagyň paýhasyndan adyň arşa galdy Pyragy”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölüminiň hem-de Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölüminiň gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza bagyşlap “Arkadagyň paýhasyndan adyň arşa galdy Pyragy” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

               Baýramçylyk dabara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milligolýazmalar institutynyň ylmy işgärleri hem-de kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgelmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar” diýip belläp geçdiler. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýramçylyk dabaranyň çäginde “Arkadag hem Pyragy – köňülleň şamçyragy” atly kitap sergisi gurnaldy.

    Dabara gatnaşyjylar dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.