«ARKADAGYŇ SARPASY – PYRAGYNYŇ PAÝHASY» ADY BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

  • «Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

    «Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halypa ýazyjy-şahyrlaryň we ýaş žurnalistleriň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

    Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar parasat ýugrumy ýetirilen şygyrlaryna umumadamzat pelsepesini siňdirendigi, pikirini kalplara ýetirmegiň täze, täsirli ýoluny tapandygy, dana Pyragynyň başga bir şahyrda ýok, asla bolup bilmejek aýratynlygy hakynda gürrüň etdiler.

    Akyldar şahyryň şygyrlary geçmişiň, öz ýaşan döwrüniň iň wajyp garaýyşlaryna eýlenendir. Hut şonuň üçin-de duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň: «Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetinden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar» diýip belleýşi ýaly, akyldara nesiller adaty şahyr derejesinden has belent orun berýändigi barada aýratyn nygtap geçdiler.