-
24
Iýun
“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan ýurdumyzda giňden bellenilýän “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmeklik üçin döredip berýän mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli medeniýet we sungat işgärlerimizi “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” bilen tüýs ýürekden gutladylar, hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.