«ARZUWLARY ALTYN EÝÝAMA ÖWREN TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY» ADY BILEN EDEBI DUŞUŞYK AGŞAMY GEÇIRILDI

  • «Arzuwlary altyn eýýama öwren Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ady bilen edebi duşuşyk agşamy geçirildi

    «Arzuwlary altyn eýýama öwren Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ady bilen edebi duşuşyk agşamy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arzuwlary altyn eýýama öwren Türkmenistan – rowaclygyň Watany” ady bilen geçirilenn edebi duşuşyk agşamynda edilen söhbetler halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesiniň, watansöýüjilik buýsanjynyň, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgeleriniň has-da berkeýändiginiň açyk görkezdi.

    Eziz Diýarymyzyň ösüşleri bizde uly buýsanç we şatlyk döredýär. Ýokarda agzaýşymyz ýaly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli işler rowaç alýar. Ajap eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz ykdysady, syýasy we medeni taýdan barha ösüp, buýsandyryjy sepgitlere ýetilýär. Ata Watanmyzda bolup geçýän bimöçwer özgertmeler beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegine badalga berýär. Medeniýet bäş müňýyllyk geçmiş taryhly türkmeniň mähir-muhabbete eýlenen köňül nagmasydyr.