-
23
Maý
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp ösüşleri barada, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitapsyz öý — otsuz ojak ýalydyr» ady bilen okyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bu bäsleşigiň ýaşlarymyzyň, talyplarymyzyň kitaba bolan söýgülerini artdyrmakda, her bir okyjynyň kitap bilen dostlaşmagynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçdiler. Olar çykyşlarynyň ahyrynda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.