-
13
Maý
«Bagt kanunym adalatyň binýady, parlaýar diýarda bagtyň baýdagy» atly dabara geçirildi
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda ählimiziň bilşimiz ýaly, her bir günümiz ajaýyp ösüşlere, rowaç işlere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen «Bagt kanunym adalatyň binýady, parlaýar diýarda bagtyň baýdagy» atly baýramçylyk dabarasy hem örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Her bir ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda onuň Konstitusiýasy möhüm orun eýeleýär. Çünki Konstitusiýa döwletiň syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň berk sütüni bolmak bilen, raýatlaryň we adamlaryň azatlygyny, hukuklygyny ileri tutmakda iň ygtybarly gorag hasaplanýar. Baş kanunymyzdan güýç-kuwwat alýan ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň kepili bolup, arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baky pasyrdap dursun!