«BAGTYÝARLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ZAMANASY» ADY BILEN ONLAÝN MASLAHAT GEÇIRILDI

  • «Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň zamanasy» ady bilen onlaýn maslahat geçirildi

    «Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň zamanasy» ady bilen onlaýn maslahat geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Döwlet kitaphanasynyň hem-de ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň zamanasy” ady bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň pähim - parasady bilen 2022-nji ýylymyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly ýylymyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda eziz Diýarymyzyň medeniýet we sungat, kitaphana ulgamynyň işgärleri hem kitaphana işini dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp baryljak işler dogrusynda öz öňünde goýýan täze-täze maksatnamalary hakynda söhbet etdiler. Onlaýn maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.