BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 26 ÝYLLYK BAÝRAMÇYLYGYNA BAGYŞLANYP «BITARAPLYK — DÜNÝÄŇ BAGTYÝARLYGY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Bitaraplyk — dünýäň bagtyýarlygy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Bitaraplyk — dünýäň bagtyýarlygy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda, Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz Baky Bitaraplygymyzyň 26-ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Bitaraplyk- dünýäň bagtyýarlygy” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 26 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, täze- täze başlangyçlary, beýik özgertmeleri, sebitde parahatçylygy gorap saklamakda alyp barýan işleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabaranyň çäginde “Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.