BEKU-NYŇ IŞINI TALABALAÝYK DOLANDYRMAK ÜÇIN HÜNÄRMENLERIŇ USULYÝET OKUWY GEÇIRILÝÄR

  • BEKU-nyň işini talabalaýyk dolandyrmak üçin hünärmenleriň usulyýet okuwy geçirilýär

    BEKU-nyň işini talabalaýyk dolandyrmak üçin hünärmenleriň usulyýet okuwy geçirilýär

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) işini talabalaýyk dolandyrmak we guramak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýan kitaphanaçy hünärmenlere Usulyýet okuwlary geçirilýär.

    Okuw maksatnamasy «BEKU boýunça neşirleri döretmegiň usulyýeti», «BEKU boýunça nusgalary döretmegiň usulyýeti», «BEKU boýunça döredilen seljerme ýazgylary ýerine ýetirmegiň usulyýeti», «BEKU boýunça okyjylary hasaba almagyň usulyýeti» atly temalar boýunça geçirilýär. Bu bolsa kitaphanalarda BEKU-nyň işini döwrebap guramaga kitaphana işgärlerine usuly kömek bolup durýar.

    Ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitaplary we döwürleýin neşirleri öz wagtynda okyjylarymyza ýetirmekde BEKU-nyň işleriniň örän uly orny bardyr. Kitaphana işgärlerine we okyjylara okamaga, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!