-
19
Noýabr
«Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri — köňülleriň joşguny» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri — köňülleriň joşguny» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşanlar: Oguljemal Orazdurdyýewa - Hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Pozyýewa Aýna - Sorag-jogap bölüminiň esasy kitaphanaçysy, Amansähedowa Çynar - Sungat bölüminiň bölümçe müdiri, Myradowa Dursun - Hyzmat ediş bölüminiň esasy kitaphanaçysy.
Çykyş edenler Garaşsyz Diýarmyzda özüniň Arkadag Lideriniň daşyna jem bolan halkymyz bagtyýar zamanamyzyň şüküranalyk toýuny toýlaýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz görülip eşidilmedik üstünliklere eýe bolandygy, halkyň baý medeni mirasyny dikeltmekde asyrlara barabar işler bitirilýändigi barada gürrüň berdiler. Dabaranyň çäklerinde “Hemişelik Bitaraplyk Bagtymyz” sergisi gurnaldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.