“BEÝIK DÖWRE JOŞGUN, TARYP ÝARAŞÝAR” ATLY GÖÇME KITAP SERGI WE TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

  • “Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşýar” atly göçme kitap sergi we tegelek  stoluň başynda söhbetdeşlik

    “Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşýar” atly göçme kitap sergi we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
    kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
    Konserwatoriýasy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
    ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
    gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy, Änew
    şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
    mynasybetli “Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşýar” atly göçme kitap sergisini
    gurnady we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
    Göçme kitap sergisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
    Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň
    eserleri, 2024-nji “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylymyza
    bagyşlap akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary, şeýle-de Döwlet
    kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan kitaplar bilen guraldy.
    Söhbetdeşlikde çykyş edenler: “Türkmen medenýetini, türkmen edebiýatyny
    Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol mähriban
    topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly waspçysy. Şahyryň watançylyk,
    agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-
    çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk
    orun aldy we ýaş nesillermizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly
    çeşmedir” diýip belläp geçdiler.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda uludan toýlanýan şanly
    Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
    Serdarmyzy, bütin türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlap, Magtymguly
    Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar
    döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny
    has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
    Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň
    janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama
    rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.