«BEÝIK IŞLEŇ ROWAÇ ALSYN, ARKADAGLY WATANYM!» ADY BILEN EDEBI-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

  • «Beýik işleň rowaç alsyn, Arkadagly Watanym!» ady bilen edebi-sazly dabara geçirildi

    «Beýik işleň rowaç alsyn, Arkadagly Watanym!» ady bilen edebi-sazly dabara geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Milli Liderimiz tarapyndan Hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärlerine bagyşlap, “Beýik işleň rowaç alsyn, Arkadagly Watanym!” atly edebi-sazly dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýaş teatr artistleri gatnaşdylar.

    Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan uly işler barada hem-de bu ugurdan zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň öz goşýan goşandy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan gelen ýaş artistler öz gülküli sahnalary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň çäklerinde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, medeniýete we sungata degişli şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi.