BEÝIK ÝEŇŞIŇ 74 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP, «ÝEŇIŞ BOLUP GIRDIŇ TARYH GATYNA» ADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

  • Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygyna bagyşlanyp, «Ýeňiş bolup girdiň taryh gatyna» ady bilen dabara geçirildi

    Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygyna bagyşlanyp, «Ýeňiş bolup girdiň taryh gatyna» ady bilen dabara geçirildi

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan ýaşaýşyň gadyryny bilip ýaşaýan halkymyz bu gün Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy türkmen halkynyň söweş meýdanynda, tylda görkezen gahrymançylykly edermenlikleri hiç wagt ýatdan çykmaýar. Dabara gatnaşan myhmanlar Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy, ene-mamalarymyzyň ýowa giden gerçeklerimiziň ornunda zähmet çekip, görkezen mertligi hakynda aýdyp geçmek bilen, pederlerimiziň watan goramakdaky ýol-ýörelgeleriniň biziň şu günki ýaşlarymyz üçin uly terbiýe mekdebidigini nygtadylar.