BEÝIK ÝEŇŞIŇ 77 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «WATAN GERÇEKLERI UNUDYLMAÝAR» ADY BILEN KITAPHANA IŞGÄRLERI TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER

  • Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan gerçekleri unudylmaýar» ady bilen kitaphana işgärleri tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdiler

    Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan gerçekleri unudylmaýar» ady bilen kitaphana işgärleri tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdiler

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 77-ýyllygy mynasybetli “Watan gerçekleri unudylmaýar” atly tegelek stoluň başynda kitaphana işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen esgerleriniň edermenligi, olaryň Watan goragyndaky üstünlikleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler, Şeýle-de Eziz Watanmyzyň häzirki ösüş-özgerişlerine, asudalygyna guwanýandyklaryny nygtadylar.

    Gahryman Arkadagymyzyň ýazan “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly gymmatly eserlerinde Watan mukaddesligi, Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenlikleri, şeýle hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň Beýik Ýeňiş barada ýazan eserlerinden giňişleýin gürrüň etmek bilen, şu günki bagtyýar durmuşymyza guwanýandyklaryny aýtmak bilen Arkadagly Serdaryma minnetdarlyklaryny aýtdylar.