BITEWI ELEKTRON KITAPHANA ULGAMY BARADA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • Bitewi elektron kitaphana ulgamy barada söhbetdeşlik geçirildi

    Bitewi elektron kitaphana ulgamy barada söhbetdeşlik geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bitewi elektron kitaphana ulgamy barada söhbetdeşlik geçirildi.

    Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda» 2013-nji 16-njy awgustynda çykaran Karary ýurdumyzyň kitaphana işi ulgamynda uly özgertmeleri amala aşyrmakda örän uly ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýar. Kitaphanada ornaşdyrylan ösen, döwrebap tehniki serişdeler okyjylar üçin gerek bolan edebiýatlary çalt tapyp bermäge uly ýardam berýär. Kitap hazynalary elektron ulgama ýüklenilýär. Okyjylara ähli ugurlar boýunça döwrebap hyzmatlar edilýär. Täze iş tejribeler ornaşdyrylýar. Dürli bäsleşikler geçirilýär. Bu ugurlarda Döwlet kitaphanasyna has hem uly orun degişlidir. Sebäbi bu kitaphana ähli jemagat kitaphanalaryny utgaşdyryjy merkez bolup durýar. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtap geçmek isleýäris. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzda iň uly naýbaşy kitaphana bolmak bilen, ol welaýat, etrap merkezi kitaphanalaryna hem ylmy-usuly kömekler berip durýar. Ýörite işlenip taýýarlanan taslamalara we meýilnamalara laýyklykda, göz öňünde tutulýan taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde bitewi elektron katalog ulgamy we elektron kitaplary okamak üçin mümkinçilikler döredildi. Bitewi elektron katalogy şol kitaphanalaryň gaznalarynda saklanylýan çap edilen neşirler barada ýeke-täk maglumat binýady bolup durýar. Taslamany amala aşyrmak maksady bilen, kitaphanalar aragatnaşygyň tizleşdirilen ulgamy, zerur bolan maddy-tehniki enjamlar, kompýuter programmalary bilen üpjün edildi. Elektron kitaphanasy bir tarapdan adaty kitaphananyň wezipelerini ýerine ýetirýän hem bolsa, başga bir tarapdan, kompýuter we telekommunikasion tehnologiýalarynyň esasynda elektron gorlary guramak, saklamak hem-de olary ilata elýeterli etmek wezipesini hem alyp barýar.

    Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.