“DANA ŞAHYRYŇ ARZUWLAN ZAMANASY”

  • “Dana şahyryň arzuwlan zamanasy”

    “Dana şahyryň arzuwlan zamanasy”

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Dana şahyryň arzuwlan zamanasy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halky üçin jemgyýetiň öňünde ýokary durmuş maksatlary goýýar,halkyň işlemegi,eşretli durmuşda ýaşamagy üçin tükeniksiz mümkinçilikler açýar we şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, päk zähmet çekmeklige çagyrýar. Magtymguly külli türkmeniň bir saçagyň başyna ýygnanyp,duz-çörek iýmegini birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi,ygtybarly görnüşi hasaplaýar.Ähli halk bir agza garasa,uly güýjüň emele geljekdigine,öňünde hiç bir zadyň,hiç bir güýjüň durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr.Bu günki gün şahyrymyzyň arzuwlan zamany hasyl boldy.Bu gün dünýäde Garaşsyz ,hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan-bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir diýip, uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.