«DOWAMATDYR BU GÜN ÝOLUŇ, PYRAGY» ADY BILEN ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ ARASYNDA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

  • «Dowamatdyr bu gün ýoluň, Pyragy» ady bilen ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

    «Dowamatdyr bu gün ýoluň, Pyragy» ady bilen ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Dowamatdyr bu gün ýoluň, Pyragy» ady bilen zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

    Döredijilik bäsleşiginde çykyş edenler özleriniň döreden ajaýyp goşgularyny okap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Telebäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

    Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.