“DOWAMATDYR BU GÜN ÝOLUŇ PYRAGY” ATLY ZEHINLI ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ ARASYNDA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI.

  • “Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy” atly  zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

    “Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy” atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

       Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy  bilen bilelikde “Dowamatdyr   bu gün ýoluň Pyragy” atly  zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiginde çykyş edenler özleriniň döreden ajaýyp goşgularyny, ýürek buýsançalaryny beýan etdiler. Telebäsleşigiň ahyrynda çykyş eden ýaşlarymyzyň ýeňiji bolanlaryna  Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Olar  bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç  bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.