“DOWAMATDYR BU GÜN ÝOLUŇ PYRAGY” ATLY ZEHINLI ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ ARASYNDA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

  • “Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy” atly zehinli  ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

    “Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy” atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň
    Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy
    bilen bilelikde “Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy” atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda
    döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiginde çykyş edenler özleriniň döreden
    ajaýyp goşgularyny, ýürek buýsançalaryny beýan etdiler. Telebäsleşigiň ahyrynda çykyş
    eden ýaşlarymyzyň ýeňiji bolanlaryna Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi
    Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Olar bäsleşigiň ahyrynda
    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
    ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.