DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝA WE INFORMATIKA INSTITUTYNYŇ MUGALLYMLARY WE “MIRAS”TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY HAKYNDA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary we “Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik  geçirildi.

    Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary we “Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä,türkmenler halkyň
    öňe çykaran ,saýlan adamlaryna,il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen
    garapdyrlar.Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip
    sarpalapdyrlar.”Halkda Hakyň ady bar”,”Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”,”Geňeşli
    salamat bolar” diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka
    geňeşipdir.Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk
    Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup,
    nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr diýip,
    belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp
    barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik
    işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.