«DÖWREBAP BIBLIOGRAFIK GÖRKEZIJILER» ADY BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY ONLAÝN ÖNÜMÇILIK-TEJRIBE SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

  • «Döwrebap bibliografik görkezijiler» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn önümçilik-tejribe söhbetdeşligi geçirildi

    «Döwrebap bibliografik görkezijiler» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn önümçilik-tejribe söhbetdeşligi geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Türkmen Döwlet Medeniýet instituty bilen bilelikde “Döwrebap bibliografik görkezijiler” atly wideoaragatnaşyk arkaly online önümçilik-tejribe söhbetdeşligi geçirildi. Döwlet kitaphanasynda geçirilen önümçilik-tejribe söhbetdeşligiň dowamynda şu ugurdan talyp ýaşlar bilen halypa hünärmenmiziň arasynda sorag-jogap alşyldy,halypa hünärmenimiz özleriniň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Bu söhbetdeşlik talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Önümçilik-tejribe söhbetdeşliginiň soňunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary,döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýdyldy.