«DÖWÜRLERIŇ BEÝIK BUÝSANJY BEDEW, ALABAÝ» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Döwürleriň beýik buýsanjy bedew, alabaý» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Döwürleriň beýik buýsanjy bedew, alabaý» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy şeýle hem şu ýyl türkmen alabaýynyň baýramy hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýär. Biziň hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bu baýramçylyk mynasybetli “Döwürleriň beýik buýsanjy bedew, alabaý” atly baýramçylyk dabaramyz bu baýramçylyga uly sowgadymyz. Bu baýramçylykda çykyş edenler, bedewlere hem türkmen alabaýlaryna biziň ýurdumyzdaky berilýän ünsüň uludygyny aýdyp geçdiler. Baýramçylygyň dowamynda bedewler baradaky şeýle hem türkmen alabaýlary barada goşgular hem aýdylyp, olar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da medeniýetde, sungatda, edebiýatda atlaryň mundan başga-da türkmen alabaýlarynyň ähmiýeti dogrusynda hem gyzykly maglumatlar aýdyldy.